Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $867,8 milliondan geçdi

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $867,8 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 867,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 780,6 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 87,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Degişli döwürde Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 42,7 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,7 milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 6,6 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 805,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda alyjylar we bazar administrasiýasy sygyr etiniň bahasynyň üstünde dawalaşdy
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Türkmenistanyň statistika edarasy statistiki hasabatlary bermegiň sanly platformasyny işe girizdi
Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça äşgär edilen sanlar ýurtdaky demografik meýillerden habar berýär
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi
10 aýda 145 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
10 aýda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 950 million dollara golaý boldy