11-nji oktýabr Gyz çagalaryň halkara güni

BMG Baş Assambleýasy 2011-nji ýylyň dekabrynda gyz çagalaryň hukuklaryny ykrar etmek üçin Gyz çagalaryň halkara gününi yglan etdi.Bu senäniň maksady, dünýädäki gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny çözmegiň we gyzlaryň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmagy we hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini höweslendirmek meselesine ünsi jemleýär.

Mekdebe çenli we mekdep ýaşyndaky gyzlaryň diňe bir möhüm ösüş döwründe däl, eýsem kämillik ýaşyna ýetenden we durmuş guranyndan soň hem bilim almaga we saglyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga hukugy bar. Ýetginjeklik döwründe täsirli goldaw tapan gyzlar geljek bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, işçiler, telekeçiler, terbiýeçiler, mugallymlar ýa-da syýasy işgärler hökmünde maşgalasynyň abraýyny galdyryp, öz watanynyň ösüşini goşant goşup biler.

Häzirki wagtda dünýäde 1 milliarda ýakyn ýaşlar bolup, şolaryň ýarysyndan gowragyny gyzlar emele getirýär.Olaryň hemmesiniň geljegi üýtgetmek üçin uly mümkinçilikleri bar. ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, Afrikada, Günorta Aziýada, esasan, Hindistanda bilim alýan gyzlaryň sany barha köpelýär. Ýokary okuw mekdeplerine soňky onýyllyk bilen deňeşdirilende gyzlar üç esse köp ýazylýar.

Bu gün gyzlaryň hukuklaryny we dünýäde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ykrar etmek üçin döredildi.Gyzlaryň güni ilkinji gezek 2012-nji ýylda bellenildi.

Aýjemal ORAZOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar
Aşgabatda Rejep Rejebowyň kino sazlarynyň dünýäsi atly konsert geçiriler
Iň eýjejik gyzjagaz — 2022 bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi
Ene mähri siňen sungat atly söhbetdeşlik
El hünäri il gezer atly döredijilik bäsleşiginiň ikinji tapgyry dowam edýär