El hünäri il gezer atly döredijilik bäsleşiginiň ikinji tapgyry dowam edýär

El hünäri il gezer atly döredijilik bäsleşiginiň ikinji tapgyry dowam edýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda El hünäri il gezer ady bilen ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirilýär.

Teatr sahnasy amaly-haşam sungatynyň sergi zalyna öwrüldi, oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.Halk sazy; orkestr saz gurallary; aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy; kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetlerinde okaýan gyzlara ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli çykyş etmek ynanyldy.

Bäsleşige gatnaşýan gyzlar halk aýdymlaryndan we saz eserlerinden ybarat wokal konsertini hem guradylar.Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.

Döredijilik bäsleşiginiň dowamynda Dünýägözel Bedalyýewa Enejan aýdymyny, Aýjemal Ýakubowa bolsa Halyçy gyz aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirmegi başardylar. Konsertde talyp gyzlaryň ýerine ýetirmeginde läleler hem ýaňlandy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Mähri Hojaýewa Hüwdini mähir siňdirip ýerine ýetirdi. Talyp gyz Ýazgül Jumaýewa saz hakynda rowaýaty gürrüň berdi. Mugallymlar Dürjemal Çaňlyýewa bilen Aýgül Ýagşyýewanyň fleýtada çalan Zybagözel halk sazy has-da täsirli boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
ARKADAG EÝÝAMYNYŇ ARHITEKTURASY
“Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary