1100-nji gezek meýdança çykdy, Ronaldo toparyna ýeňiş getirdi

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji duşuşygynda “Ýuwentus” myhmançylykda “Interden” Ronaldonyň gollary (26 p, 35) bilen 21 üstün çykdy. “Interiň” ýeke-täk goluny-da 9-njy minutda Lautara Martines derwezä girizdi.

Duşuşykda “Ýuwentusyň” derwezesini goran Janluiji Buffon karýerasyny boýunça 1100-nji gezek meýdança çykdy.Bu onuň “Ýuwentusdaky” 679-njy duşuşygydyr.Golaýda 43 ýaşyny dolduran weteran derwezeçi “Parmada” 220, PSŽ-de 25 hem-de milli ýygyndyda 176 oýun oýnady.

“Ýuwentus” bilen “Interiň” arasyndaky jogap oýny 9-njy fewralda oýnalar. Şeýle-de, Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň beýleki ýarym finalynda şu gün “Napoli” öz meýdançasynda “Atalantany” kabul eder.

The post 1100-nji gezek meýdança çykdy, Ronaldo toparyna ýeňiş getirdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi
“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…
Birinjilik ugrunda ýiti göreş
Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler
50 oýundan soň, ilkinji gezek
Rowaýaty derwezeçi 20 ýyldan soň ilkinji klubuna dolandy