115-nji Britan derbisinde gol ýok

/* custom css */ .td_uid_19_60cdde689f34f_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60cdde689f34f_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Ýewropa çempionatynyň düýnki oýunlarynyň 2-si deňlikde tamamlandy. “E” toparçada Şwesiýanyň ýygyndysy Slowakiýany Markus Forsbergiň 77-nji minutdaky penalti goly bilen 1-0 ýeňip, 2-nji tapgyra çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy. Ýewropa çempionatlaryndaky 2012-nji ýyldan soň ilkinji, umumylykda 6-njy ýeňşini gazanan şwedler utugyny 4-e ýetirdi.

Günüň ikinji duşuşygy horwatlar bilen çehleriň arasynda bolup, oýun 1-1 deňlikde gutardy.Birinji ýarymda çehler şowly çykyş edip, oýnuň 37-nji minutda Patrik Şik penaltiden tapawutlanyp, çempionatdaky 3-nji goluny öz adyna ýazdyrdy.

Ikinji ýaryma-da gol bilen başlan horwatlaryň hasaby deňlän goluny 47-nji minutda Iwan Perişiç derwezä girizdi. Şunlukda, bu deňlikde soň, howratlaryň ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi dowam edýär. Çehler bolsa 4 utuk bilen birinji basgançakdaky ornuny saklamagy başardy.

Toparçanyň beýleki oýnunda, 115-nji Britan derbisinden gol sesi eşidilmedi. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda Angliýa bilen Şotlandiýa özara 115-nji duşuşygynda gol geçirip bilmedi. Şeýlelikde, Şotlandiýanyň ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi dowam edýär.

Duşuşykdan soň, iňlisleriň mundan soňky tapgyryň aladasyny edendigi barada metbugatda habarlar çykdy.Angliýanyň ýygyndysy indiki tapgyra lider bolup çykan ýagdaýynda “F” toparçanyň ikinjisi ýagny, Fransiýadyr Portugaliýanyň ýa-da Germaniýanyň ýygyndylarynyň haýsy hem bolsa biri bilen duşuşar. Şol sebäpli bu ýagdaýy hem göz öňünde tutuldy diýilýän gürrüňler az däl.

Ýene degişli makalalar

Ýewro-2020: Ukraina 120-nji minutda gol geçirip, Şwesiýadan üstün çykdy
Ýewro-2020: Angliýa - Şotlandiýa we Horwatiýa - Çehiýa deňme-deň oýnady, Şwesiýa Slowakiýany ýeňdi
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
“Tottenham” braziliýaly ýyldyzy transfer etdi
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler