12.03.2018 | Marokkodaky turnirde dzýudoçylaryň ýene bir medaly

Marokko Patyşalygynyň Agadir şäherinde geçirilýän dzýu-do boýunça “Agadir Grand Prix” abraýly turnirinde watandaşymyz Batyr Hojamuhammedow bürünç medal eýeledi.Deslapky tapgyrda B.Hojamuhammedow ussatlyk görkezip, ýaryşyň 18-nji sekundynda möhletinden öň ukrain türgeninden üstün çykdy.

Ol çärýek finalda turniriň geljekki ýeňijisi russiýaly Kirill Denisowdan ýeňlendigine garamazdan, hormat münberine çykmagy başardy.Türkmen türgeni bürünç medal ugrundaky bäsleşikde Patrik Mozer (Şweýsariýa) bilen güýç synanyşdy. Çekeleşikli tutluşygyň üçünji minudynda B.Hojamuhammedow aýgytlaýjy emeli ulanyp, bäsleşigi möhletinden öň ýeňiş bilen tamamlady we dzýu-do sportunda ýokary netije hasaplanylýan “iponn” derejä mynasyp boldy. “Agadir Grand Prix” turniriniň jemleri boýunça türkmen dzýudoçylary iki bürünç medal eýelediler.

Ozal habar berlişi ýaly, 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän, halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa hem ýygyndy toparymyzda bir bürünç medal eýeläpdi.Ol iki gezek örän netijeli emeli ulanyp, bäsleşigiň birinji minudynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşynyň bürünç medalyna eýe çykdy
Türkmenistan zenan dzýudoçylaryň arasynda Uly tuwulga ýaryşlaryndaky ilkinji medalyny gazandy
Aşgabatda howanyň 0 gradusdan pese düşmegine garaşylýar, Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, türkmen talyplary SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we beýleki habarlar
Türkmen pälwany samboda dünýä çempiony boldy
Marokkodaky turnirde dzýudoçylaryň ýene bir medaly
Gülbadam Babamyradowa Tbiliside dzýuda boýunça Gran-Pri ýaryşynda bürünç medal gazandy