13.03.2018 | El-Kuweýtde ýokary derejedäki türkmen-kuweýt gepleşikleri başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow El-Kuweýte geldi.Türkmenistanyň we Kuweýtiň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Ali Al-Jarrah Al-Sabah, Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Geňeşçisi Halid Ýusef Al-Fulaji hem-de bu ýurduň beýleki resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýet agzalary garşyladylar.

Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bellenilen kabulhana tarap--Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Baýan köşgüniň Al Jahran binasyna ugrady.Bu ýerden türkmen Lideri biraz wagtdan Maslahatlar merkezine geldi.Bu ýerdäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy geçirilip, mahsus bolan hemme hormatlar bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Kuweýtiň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen, Emir Şeýh Sabah Al-Ahmed Al- Jaber Al-Sabaha bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdylar.Soňra Maslahatlar merkeziniň uly mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümde gepleşikleri başlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emiriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistan Kuweýtiň Emiriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
29.06.2018 | MILLI LIDERIMIZIŇ BELENT MAKSADY
14.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýte resmi sapary tamamlandy
Berdimuhamedow Kuweýti TOPH we “Awaza” gurluşyklatryna goşulmaga çagyrdy
13.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary