14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi, IRENA Türkmenistanda edarasyny açyp biler, Türkmenistan we Ermenistan halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistan 1.Prezident Serdar Berdimuhamedow Leonardo S.p.A.italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.Duşuşygyň dowamynda Pontekorwo Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady, Prezident Serdar Berdimuhamedow bolsa şu gezekki saparyň barşynda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan italýan kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi. 2.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi Türkmenistanda ýerli edarasyny açyp biler.Bu mümkinçiligi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen IRENA-nyň Baş direktorynyň orunbasary Gauri Sinh ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda agentligiň ýerli edarasynyň açylmagy taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça täze ädim bolar. 3.Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň DIM-niň Ösüş boýunça köptaraplaýyn syýasat we hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Dawid Knýazýan bilen duşuşdy.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň birnäçe Kararnamalaryny Ermenistanyň goldaýandygy bellenildi.Aýazow Ermenistan Respublikasyny parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostluk toparyna goşulmaga çagyrdy. 4.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Balkan welaýatynda elektrik beketlerini gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi.Gatnaşmak üçin haýyşnamalar ýazmaça görnüşde Energetika ministrliginiň Ösüş bölüminde şu salgyda kabul ediler: Aşgabat, 2022-nji köç., 55-nji jaý. 5.

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň Azerbaýjanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna GDA agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde halkara synçy bolup gatnaşdylar.Türkmenistanyň wekiliýeti demokratik ýörelgeleriň berjaý edilişine baha berdi we 7-nji fewralda saýlaw güni saýlaw uçastoklarynda ses berişlige gözegçilik etdi. Şeýle hem iki ýurduň merkezi saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Dünýäde

6.Jenap Biniň keşbini janlandyrýan aktýor Rouen Atkinson Beýik Britaniýada elektromobilleriň satuwyny haýallatmakda günäkärlenýär. 2023-nji ýylda Atkinson The Guardian gazetinde makala çap etdirip, onda elektrikli awtoulaglaryň ekologiýa taýdan arassalygyna şübhe bildirdi.

Ol ekologiýa nukdaýnazaryndan, adaty hereketlendirijili awtoulaglaryň elektrikli awtoulaglara garanyňda, ekologiýa taýdan arassa bolup biljekdigini aýtdy. Şeýle hem Atkinson wodorod we sintetiki ýangyç bilen işleýän awtoulaglarynyň geljegine umyt bildirdi. 7.

Hytaýly mugallymlar barlag işlerini barlamak üçin emeli aňy ulanyp, täze tehnologiýalary işjeň özleşdirýärler.Neýroulgam işiň tekstini seljerýän, ýalňyşlary kesgitleýän we birnäçe sekundyň içinde netijeleri çykarýan ykjam programma hökmünde işleýär.

Ulgam mugallymlary gündelik işlerden azat edip, islendik möçberde kagyzy barlamaga ukyplydyr.Pikir soraşma mugallymlaryň 60%-iniň barlag işlerini barlamaga iň köp wagty sarp edýändigini ýüze çykardy.Neýroulgam olara bu işi ýeňilleşdirmäge mümkinçilik döreder.

Sport habarlary 8.Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow öňündäki söweşe taýýarlyk görýändigi barada aýtdy.Häzirki wagtda türgen söweşden öň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin ABŞ-nyň meşhur American Top Team sport zalynda iň gowy tälimçiler we sparring-ýoldaşlary bilen bilelikde güýçli türgenleşik geçýär.

Döwletjan Turkmenportal-yň habarçysy bilen söhbetdeşlikde: Häzirlikçe aprel aýyna taýýarlyk görýäris, ýakyn wagtda anyk habarlar geler diýip belledi. 9.Türkmenistanyň çempiony Arkadag BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Russiýanyň Pari NN futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Russiýanyň Premýer-ligasynyň wekili bilen oýun 18-nji fewralda geçiriler.Duşuşygyň başlanjak wagty we geçiriljek ýeri soň yglan ediler. 10.Stol tennisi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 10 16-njy fewral aralygynda Tähranda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýar. 14 türgen we üç tälimçiden ybarat bolan topar, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldaw bermeginde döredildi.

Türgenleşikler Tähranyň Olimpiýa şäherçesinde Eýranyň milli ýygyndysynyň öňdebaryjy tälimçileriniň we türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda