140 ýyldan soňra peýda boldy

Papua Täze Gwineýanyň gündogarynda deňiz kenaryna golaý ýerleşýän Fergusson adasynda köp ýyldan bäri görünmedik guşuň üstünden baryldy.Gara ýeňseli gura gögerçini atly guş alymlary haýran galdyrdy. “Audubon” žurnalynyň habar bermegine görä, tebigaty öwrenijiler bu guşy tebigatyň jümmüşinden ýerleşdirilen kameralar arkaly surata düşürmegi başarypdyrlar.

Bu guş ilkinji gezek 1882-nji ýylda alymlar tarapyndan hasaba alnypdyr. Şondan bäri bolsa, oňa duşan bolmandyr.

Bu jandar ýiten ýa-da seýrek duş gelýän guşlary anyklamak maksady bilen durmuşa geçirilen taslamanyň çäklerinde tapylypdyr. “The Search for Lost Birds” atly taslama “BirdLife International”, “Rewild” we “American Bird Conservancy” atly guramalaryň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirilýär.

Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýok bolan diýlip hasap edilmedik, emma azyndan 10 ýyllap duş gelinmedik 150-den gowrak guş görnüşiniň tapylmagy maksat edinilýär.

Ululygy öý towugy ýalyrak bolan gara ýeňseli gura gögerçini bir asyrdan köp wagtdan bäri duş gelinmedik 20 sany ýiten guşuň sanawyna girizilipdi. Sentýabr aýynda tapylan bu guş diňe şol adada ýaşaýar.

Aýnur Kurbanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Papua-Täze Gwineýada bolan ýer titremesinde 3 adam ýogaldy
Moskwada Tükmenistanyň medeniýet günleri geçiriler
Türkmen dzýudoçylary Aziýanyň kubogynda üç medal gazandylar olaryň ikisi altyn
Türkmen dzýudoçylary Aziýanyň kubogynda üç medal gazandylar, olaryň ikisi altyn!
Futbol, Aşgabadyň kubogy: 1-nji tapgyryň eminleri belli boldy