150-den gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alar

150-den gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bejergä mätäç bolan çagalara dürli operasiýalar üçin yzygiderli serişdeleri bölüp berýär. 100-den gowrak çaga eýýäm hirurgiki bejergi aldy, 50-den gowrak çaga bolsa lukmançylyk synaglaryndan geçdi we dürli zerur lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi diýlip, Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde habar berildi.

Habar berlişi ýaly, Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda ýurduň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde Aşgabat şäherinden we welaýatlardan bolan çagalar üçin kardiohirurgiýa, ortopediýa we neýrohirurgiýa operasiýalary geçirildi.

Operasiýa geçirilen çagalaryň iň kiçisiniň ýaşy bary-ýogy 4 aýdan gowrak diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ýörite haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gazna diňe bir çagalaryň bejergisine däl, eýsem lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmaga hem ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ilkinji gezek Pemberton usuly arkaly hirurgiki operasiýa geçirildi
Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryň gün tertibini giňelder, repçi Emin Rasen Aşgabatda konsert berdi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna, häzire çenli jemi 260 operasiýa geçirildi
Haýyr-sahawat gaznasy hakyndaky kitap çapdan çykdy
'Bagtyýar' çagalygyň kösençli körpeligi baý ýurda 'gelişmeýär'