Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryň gün tertibini giňelder, repçi Emin Rasen Aşgabatda konsert berdi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi we beýleki habarlar

Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryň gün tertibini giňelder, repçi Emin Rasen Aşgabatda konsert berdi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri durmuşa geçirer.Hususan-da, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2026 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze Çarçuwaly maksatnamasyny, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Ýol kartasyny hem-de 2024-nji ýyl üçin howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we uýgunlaşmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamaga girişer.

2. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda asly türkmen bolan eýranly meşhur rep aýdymçysy Emin Raseniň ilkinji konserti geçirildi. Çykyş başlamazdan ozal Rasen paýtagtda mähirli garşylanandygy üçin Türkmenistanyň myhmansöýer halkyna tolgunmak bilen minnetdarlyk bildirdi, Aşgabadyň amatly gurşawyny, arassalygyny we gözelligini, şeýle hem ýerli ýaşaýjylaryň güler ýüzlüligini hem-de hoşniýetliligini belläp geçdi.

3. Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik beýik türkmen şahyry we akyldarynyň ýubileýi mynasybetli halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen guralar.

4. Roskongress gaznasy we Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri Özüne çekiji Türkmenistan atly maglumat-bilim beriş taslamasynyň durmuşa geçirilişini tamamladylar. Taslamanyň çäklerinde 13 sany türkmen talyby Gaznada hünär kämilleşdiriş tejribeligini geçdiler. Olar Türkmenistanyň medeniýeti, däp-dessurlary, şäherleri, taryhy şahsyýetleri we gözel künjekleri barada 50-den gowrak makala taýýarladylar.

5.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi.Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 2-23-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri alnyp baryldy. 47 sany çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde 212 çaga toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi.Merkeziň çagalar bagyna kabul edilen 58 çaganyň 18-si dürli kesel kesgitlemeleri bolan çagalardyr diýlip, çeşmede bellenilýär.

Dünýäde

6. Ýaponiýanyň paýtagtynyň iň meşhur binalarynyň biri bolan Tokio diňi açylmagynyň 65 ýyllygyny belleýär.Diň 1958-nji ýylda guruldy we 2012-nji ýylda täze gurlan Tokyo Skytree telediňi uzynlygy boýunça ondan öňe geçýänçä Ýaponiýanyň iň beýik binasy bolupdy.

Tokio diňiniň beýikligi 333 metr bolup, meşhur syýahatçylyk merkezidir.Her ýyl, takmynan, 2,5-3 million adam ony görmäge gelýär.Onuň gözegçilik meýdançasynda şäheriň panoramik şekili görnüýär.

Minaranyň 65 ýyllygy mynasybetli Tokioda dürli çäreler, şol sanda yşyklar we aýdym-saz festiwaly geçirilýär.

7. Hytaýda ýaşy 2300 ýyla deň bolan köpeltmek tablisasy tapyldy. Ieroglifli tagtajyk Henan welaýatynda ýerleşýän Szinçžou şäherinde tapyldy. Onda köpeltmegiň aşakdaky mysallary ýazylypdyr: bäş gezek ýedi 35-e deň, dört gezek ýedi 28- deň, üç gezek ýedi 21-e deň. Arheologlaryň bellemeklerine görä, bu bellikler öň Hunan welaýatynda tapylan şuňa meňzeş köpeltmek tablisasyndan 100 ýyl könedir.

Sport habarlary

8.Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýeňijisi kesgitlenildi.Ahal bilen Arkadag toparlarynyň arasyndaky aýgytly duşuşyk döwlet ähmiýetli şäherdäki 10 müň orunlyk stadionda geçirildi we 3:0 hasabynda Wladimir Baýramowyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 29-njy minutynda Arkadag toparynyň goragçysy Abdy Bäşimow hasaby açdy.Ikinji ýarymyň başynda Bäşimow ikinji pökgini derwezä girizdi.Duşuşygyň soňky pökgüsi 68-nji minutda, Ilýa Tamurkin tarapyndan Ahalyň derwezesine iberildi.

Bu ýeňiş Arkadag üçin täsirli möwsümiň mynasyp jemlemesi boldy.Topar ilkinji ýylynda yzly-yzyna Ýokary ligada we Türkmenistanyň kubogynda ýeňiji bolup, altyn dubly amala aşyrdy.

9.Halkara Kuraş federasiýasy Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyny geçen ýylyň iň gowy bäsleşigi diýip ykrar etdi. 23 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça 14-nji Dünýä çempionaty göreşiň bu görnüşi boýunça guralýan dünýä birinjilikleriniň taryhyndaky iň gowy çempionatlaryň biri boldy.

Bäsleşige 50 töweregi ýurtdan 500-den gowrak adam gatnaşdy.Türkmenistanyň Hökümeti ýaryşy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli tagallalary etdi diýlip, habarda bellenilýär. Ýeri gelende bellesek, çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy iň köp baýrak gazanyp, ajaýyp netije görkezdiler.

Türkmen türgenleri 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy
TÝL ― 2023: meýdanda 10 oýunçy bilen galan Arkadag topary Ahaldan üstün çykmagy başardy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär