16.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň öňünde strategik wezipeleri goýdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşdy we ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleriniň öňünde çykyş edip, bu guramanyň 10 ýylyň dowamynda alyp baran işlerine baha berdi we milli ösüşiň ileri tutulýan maksatlaryny kesgitledi.

Ol maksatlara ýetmekde bolsa ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyna möhüm orun degişlidir.Duşuşykda milli Liderimiz türkmen telekeçiligini goldamak boýunça kabul edilen täze çözgütleri beýan etdi, strategik maksatnamalary durmuşa geçirmekde hususy düzümleriň goşandyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen resminamalara gol çekdi we TSTB-niň zähmetde tapawutlanan işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyzyň işewürler bilen duşuşygy ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň — Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, dürli guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, birleşmäniň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň köp sanly wekilleriniň gatnaşmagynda TSTB-niň merkezi edarasynda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, olary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň on ýyllygy hem-de ýubileý sergisiniň we maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.Geçen on ýylyň dowamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi.

Bu gurama häzir öz hatarlarynda ýigrimi müňden gowrak hususy telekeçileri birleşdirýär. Ýurdumyzda işewürler bileleşiklerini ösdürmek we telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça yzygiderli iş alnyp barylýar. Şu döwrüň içinde jemi içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynyň paýynyň ep-esli artandygyny bellemek guwandyryjydyr. Ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, bu görkeziji 62 göterimden ybarat boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzda hususy kärhanalaryň umumy sany bolsa 18 müňden hem geçýär.

Bu kärhanalar 150 müňe golaý adamy iş bilen üpjün edýär.Işläp gelýän ýyllarynyň içinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli ykdysadyýetimize 15 milliard 360 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýdy.

Bu iş häzir hem üstünlikli dowam edýär. 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Milli parlamentde öz deputatlarynyň üsti bilen wekilçilik edýär.Bu partiýa häzirki döwürde ýurdumyzyň Mejlisine, şeýle hem ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna deputatlyga dalaşgärlerini hödürläp, ýurdumyzda 25-nji martda geçiriljek saýlawlara işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mynasyp goşant goşandygyny aýratyn belledi.

Telekeçileriň ak mermerli paýtagtymyzda, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda, gözel ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde alyp barýan gurluşyk işleri hem bellenmäge mynasypdyr.Olar ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli ýüzlerçe desgany ýokary hilli gurup, ulanmaga berdiler. Şol desgalaryň hatarynda kitaphanalaryňdyr myhmanhanalaryň, söwda-dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň özboluşly binalaryny, halkara howa menzilini we köp sanly beýleki desgalary görkezmek bolar.

Hususy kärhanalaryň hünärmenleri diňe bir ýylyň içinde ýurdumyzda 600-den hem köp desgany gurup, ulanmaga berýärler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Mundan başga-da, hususy telekeçiler ykdysadyýetimiziň täze döredilen pudaklaryndaky işlere, şol sanda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary iň täze tehnologiýalar bilen işläp geçmek boýunça alnyp barylýan işlere gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda hem hususy haryt öndürijileriň paýy uludyr.

Häzirki wagtda oba hojalyk azyk önümleriniň 63 göterimi, senagat harytlarynyň hem 60 göterimden gowragy döwlete dahylsyz pudakda öndürilýär.Söwda we hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň hem 90 göterimden gowragyny telekeçiler ýerine ýetirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ýokary hilli we ekologiýa taýdan howpsuz harytlaryna daşarky bazarlarda hem uly isleg bildirilýär. Şol önümleriň aglabasy dünýäniň köp ýurtlaryna eksport edilýär.

Hususy pudagyň wekilleri dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde baý tejribe topladylar.Bu bolsa olara daşarky bazarlara ynamly çykmaga mümkinçilik açýar.Moldowa Respublikasynda çagalar bagynyň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda umumybilim berýän mekdebiň gurluşyklary munuň aýdyň mysallarydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Birleşmäniň agzalarynyň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini çekmek, işjeň halkara işewür hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşlerini ulanmak boýunça hem köp işler edilýär.Geçirilen şu işleriň netijesinde, Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Awstriýa Respublikasynda birleşmäniň wekilhanalary işleýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça Hytaýyň Sinin, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek, Gruziýanyň Tbilisi we Owganystanyň Mazary-Şarif şäherlerinde söwda öýleri hem-de merkezleri açyldy.Bu bolsa ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz ýakyn geljek üçin öňde duran wezipelere geçip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň biziň bazar ykdysadyýetimizde esasy orny eýelemelidigini aýtdy.Ol ilatyň ýokary hilli ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny üpjün edýän möhüm şerte öwrülmelidir.

TSTB Garaşsyz döwletimiziň dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Energiýa babatda netijeli we ýokary tehnologiýaly, innowasion ykdysadyýeti ösdürmekde hem hususy telekeçilige aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we hususy telekeçileri ýerli çig maly peýdalanýan kämil tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge çagyrdy.

Biziň telekeçilerimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän täze kärhanalary döretmelidir.Gazanan serişdelerini öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige maýa goýmalydyr.Bazar gatnaşyklarynyň ýagdaýyny ünsden düşürmeli däldir we ykdysadyýetiň täze ugurlaryny özleşdirmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň kabul eden giň gerimli döwlet maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýandygyny ýene-de bir gezek belläp, milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumy, gurluşyk we senagat pudaklary, azyk hem-de dokma senagaty, ulag pudagy, syýahatçylyk, söwda we hyzmatlar ulgamy ýaly örän ähmiýetli pudaklarynda yzygiderli hem-de netijeli işleri giňden alyp barmalydygyny nygtady. Ýurdumyzyň telekeçileri öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýanyň gazananlaryny peýdalanyp, giň gerimli şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge hem işjeň gatnaşmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Önümçilik kuwwatlyklarymyzy artdyrmak, önümlerimizi dünýä bazarlaryna çykarmak üçin biz hususy işewürligiň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmegini hem goldaýarys.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek, ýurdumyzyň daşynda öz wekilhanalaryny açmagy dowam etmek üçin olara ähli şertleri döredýäris. Ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge döwletimiziň geljekde hem hemmetaraplaýyn hemaýat etjekdigini, şol sanda öz kompaniýalarymyzyň maýa goýum işini höweslendirýän we has amatly işewürlik ýagdaýyny döretmäge ýardam berýän hereket edýän kanunlary kämilleşdirmäge we täze kanunlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berjekdigini bellemelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu maksatlar bilen, milli Liderimiz Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň tassyklanandygyny habar berdi.

Bu netijeli çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 7 ýyllyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, türkmen ykdysadyýetiniň bazar esaslarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de hususy ulgamynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň giňeldilmegine ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýurdumyzyň telekeçilerini höweslendirmegiň nobatdaky çäresine öwrülen täze maksatnamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.Telekeçilerimiziň işine ussatlygynyň ýokarlanandygyny göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli Türkmenabat — Aşgabat awtomobil ýolunyň taslamasyny, Gowurdakda kaliý dökünlerini öndürýän ýene-de bir kärhananyň taslamasyny amala aşyrmagy telekeçilere tabşyrmak barada karara gelendigini habar berdi. Ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleri gowy habary ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Milli Liderimiz olaryň hünär ussatlygyny göz öňünde tutup we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işini hemmetaraplaýyn goldap, olara örän jogapkärli wezipeleri ynanýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem häzir bu taslamalary amala aşyrmak üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine döwlet karz serişdelerini bermek hakyndaky Karara gol çekdi.

Munuň özi ýurdumyzda güýçli, bäsdeşlige ukyply işewürligiň kemala getirilmegine, onuň ösmegi üçin has amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýlelikde, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen TSTB-ä ýyllyk 1 göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz berer.

Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin bolsa ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz berler.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara, şol sanda TSTB-niň agzalary tarapyndan Aşgabatda guruljak täze desgalar boýunça resminama gol çekip hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasyny döretmek hakyndaky teklipleri makullap, şeýle hem Türkmenistanyň çägine getirilende käbir gurluşyk hem-de senagat harytlaryna gümrük paçlaryny bellemegiň sanawyny tassyklady.

Soňra milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Awaza milli syýahatçylyk zolagyny işewürlik we edara ediş taýdan dolandyrmagy tabşyrmak barada karara gelendigini habar berdi.Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm çözgüdi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Sözüň doly manysynda, bu çözgüt Hazaryň türkmen kenarynda ýaş şypahananyň ösdürilmeginde iň işjeň tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar.Döwletiň ýakyn goldawynda bolan Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň berkarar bolmagynyň başlangyç döwri üstünlikli geçen häzirki wagtda milli Liderimiziň başyny başlan ägirt uly taslamasy ösüşiň täze sepgidine çykdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz şeýle giň möçberli işleri TSTB-ä ynanyp, ondan ýokary netijä garaşmaga haklydyr diýip belledi.Milli Liderimiziň pikirine görä, hut işewürligiň çeýeligi we ykjamlygy, onuň bazardaky ýagdaýy inçelik bilen duýýandygy, çalt öwrenýändigi, gujur-gaýratlylygy ahyrky netijede öňe okgunly gitmek üçin üýtgeýän ykdysady ýagdaýlarda zerur bolup durýar.

Munuň üçin döwletimiz tarapyndan zerur çäreler görüldi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermeginde batyrgaý meýilnamalara we başlangyçlara giň ýol açylýar.Soňra döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimizi ösdürmäge telekeçileriň goşýan goşandyna ýokary baha bermek maksady bilen, olaryň has tapawutlananlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa bu baradaky Permany okaýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TSTB-niň has ýokary netijeleri gazanan wekillerine döwlet sylaglaryny gowşurdy.Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikleri gazanandyklary üçin Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglananlaryň hatarynda “Ussat-Inžener”, “Aktab”, “Batly-Gadam”, “Erada”, “Hilal”, “Baýly-Gurluşyk”, “Altyn Gala Gurluşyk”, “Abraýly önüm”, “Eziz-Dag” hususy kärhanalarynyň, şeýle hem “Altyn hojalyk”, “Hasar” hojalyk jemgyýetleriniň, “Parasatly” daýhan hojalygynyň ýolbaşçylary bar.

Milli Liderimize TSTB-niň ähli agzalarynyň adyndan birleşmäniň başlygy A.Dadaýew ýüzlenip, berýän uly ünsi, atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu gün döwlet Baştutanymyzyň guramanyň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen hut özüniň gutlamaga gelmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen telekeçileri üçin bu ýatdan çykmajak pursatlardyr we taryhy wakadyr diýip, ol aýtdy.TSTB-niň döredilen ýylynda ol özüne 500 agzany birleşdirdi.Olaryň güýji bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işler ýola goýlup başlandy. Şol döwürde telekeçiligiň ykdysadyýetdäki paýy 1 göterime-de ýetenokdy.

Indi bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ýokarda belleýşi ýaly, bu görkeziji 60 göterimden hem geçýär.Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary hem-de goldawy netijesinde mümkin boldy. Şunuň netijesinde milli telekeçilik işi ilerläp başlady.

Milli Liderimiziň başlangyçlary, gymmatly teklipleri ýurdumyzyň hususy ulgamyny sazlaşykly ösüş ýoluna çykardy.TSTB-niň ýolbaşçysynyň döwlet Baştutanymyza ýüzlenip aýdyşy ýaly: “Türkmen telekeçileriniň gazanan üstünliklerini biz Siziň hyzmatlaryňyz hökmünde kabul edýäris”.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeňligiň ýokarlanmagy bilen birlikde, häzirki wagtda ýurdumyzyň işewürligi jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna hem işjeň gatnaşyp başlady, türkmen telekeçileriniň syýasy partiýasy döredildi.Hususy ulgamyň wekilleri milli Liderimiziň belent ynamyny ödemek üçin tutanýerli zähmet çekip, ähli tagallalary edýärler diýip, TSTB-niň başlygy aýtdy we öz öňlerinde goýlan wezipeleriň ählisiniň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Türkmen telekeçileri döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, häzirki wagtda halkara derejesine çykýarlar we önümçiligiň hem-de marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirýärler.TSTB-niň gatnaşmagynda Milli ştrih-kodlaşdyrmak guramasy döredildi.

Türkmenistanda öndürilen önümleriň ştrih-kody dünýä bazarlarynda işjeň hereket edýär.Häzirki wagtda ISO ygtyýarlandyrmak boýunça milli barlaghanany döretmek meýilleşdirilýär.Ol harytlaryň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň kepili bolup durýar.

Türkmen işewürliginiň maddy-enjamlaýyn binýady, dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen hususy önümçiligiň düzümi hem berkidilýär.Golaýda Aşgabadyň demirgazyk böleginde 100-e golaý binadan ybarat bolan iri dolandyryş-işewürlik hem-de söwda toplumy ulanmaga berildi. Şol ajaýyp binalar türkmen telekeçileri tarapyndan guruldy.

TSTB-niň ýolbaşçysy ýurdumyzda telekeçiligiň şeýle okgunly ösmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goldawy netijesinde mümkin bolandygyny ýene-de bir gezek nygtap, türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna işjeň çykmak üçin döwlet derejesinde döredilýän şertler üçin çäksiz hoşallyk bildirdi we milli Liderimize birleşmäniň agzalarynyň adyndan Görelde atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berilýändigini aýdyp, onuň şejeresi baradaky degişli şahadatnamany gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygy tamamlap we ýaş hem-de tejribeli işewürlere, hususy telekeçilere we işewürlik dünýäsine indi gadam basýan adamlara iň gowy arzuwlaryny aýdyp, telekeçilik ulgamynyň Garaşsyz döwletimizi demokratik reformalar we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny nygtady. “Şoňa görä-de, sizden işiň dürli ugurlarynda we ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda täze üstünliklere garaşýarys” diýip, milli Liderimiz aýtdy. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygar astynda geçýän şu ýylda halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň türkmen döwletiniň ajaýyp geljegi hem-de diňe agzybirlikde türkmenleriň ykbalynyň göteriljekdigi baradaky öçmez-ýitmez setirlerini mysal getirdi. Şeýle-de bolar — biziň agzybir halkymyza ýagty geljek garaşýar, ol uly üstünliklere eýe bolar. Şeýle hem bolmalydyr, çünki biz dogry ösüş ýoluny saýlap aldyk. Şol ýol bilen ynamly öňe barýarys.

Diňe öňe tarap aýgytly ädimleri ätmelidiris, diňe öňe! — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Diýarymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbitlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Türkmenistanly telekeçiler iş sapary bilen Ermenistana çagyrylýar
Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
“Türkmen berk-metal” tegmilleri aýryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy
Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady
Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar