Türkmen işewürleri Astanada geçiriljek Halkara maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen işewürleri Astanada geçiriljek Halkara maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyrylýar

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Astanada (Gazagystan) 2-nji Halkara maýa goýum forumy we Asia AGRO Recycling 4.0 sergisi geçiriler. Oňa türkmen telekeçileri we işewürleri bu foruma gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB habar berdi.

Forum oba hojalygynyň önümlerini gaýtadan işlemek pudagyndaky tehnologiýalary ösdürmäge we ulanmaga bagyşlanýar. 2023-nji ýylda bu foruma Germaniýa, Şweýsariýa, Eýran, Polşa, Russiýa we beýleki ýurtlardan 200-den gowrak wekiller we hünärmenler gatnaşypdy.

Bu çäre 2024-nji ýylyň 2-5-nji dekabry aralygynda Astanada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
“Çelsi” gol bolup ýagdy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Serdar Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen samboçylary Gazagystanda geçirilen dünýä birinjiliginde 6 medal gazandylar