17-nji oktýabrda Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar

17-nji oktýabrda Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar

17-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgüniň foýesinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleine bagyşlanan surat sergisiniň açylyş dabarasy bolar.

Şol gün sagat 18:00-da bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar.

18-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Halk senetçiliginiň häzirki zaman ösüşi atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi geçiriler. Şol günüň ikinji ýarymynda Aşgabat kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň kino sungatynyň bilermenleriniň duşuşygy geçiriler.

Şol gün Aşgabat kinoteatrynda Ibn Fadlan we Tarlan atly tatar kinofilmleriniň görkezilişi bolar.

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleine bagyşlanan surat sergisiniň işi dowam eder. Şol gün myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp görerler.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi
Medeni gatnaşyklar halklary ýakynlaşdyrýar
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi gurnaldy
Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär
Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri başlandy
Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri