Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri başlandy

Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, Aşgabadyň ýaşlary we doganlyk tatar halkynyň sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetkärleriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.

Çärä köp sanly tomaşaçylar gatnaşdy. Munuň özi Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günlerine uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Dostlukly ýurtdan gelen myhmanlaryň wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň işgärleri bar.

Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Irada Aýupowa öz çykyşynda bu çäräniň iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen türkmen-rus ynsanperwer dialogyny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.

Tatarystan Respublikasynyň aýdymçylarynyň we meşhur döredijilik toparlarynyň baýramçylyk konserti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet halk sazlary ansamblynyň Milli äheň atly aýdymly we tansly kompozisiýasy bilen açyldy. Tatarystan Respublikasynyň halk we at gazanan artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde Nar agajy atly türkmen halk aýdymy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Tatarystan Respublikasynyň Döwlet halk sazlary ansamblynyň ýerine ýetiren gadymy türkmen küştdepdi tansy dabaranyň iň şowhunly çykyşlarynyň birine öwrüldi.

Premýer aýdymçylar toparynyň Bedew atly kapellanyň şirin mukamy we täsirli sözleri ähli diňleýjilerde ýakymly duýgulary oýardy.

Konsert milli tatar sungatynyň baý mümkinçiliklerini şöhlelendirýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Onuň maksatnamasy doganlyk Respublikanyň milli däp-dessurlaryny açyp görkezýän ajaýyp saz eserlerinden, özboluşly aýdym, tans we halk döredijiliginiň çykyşlaryndan ybarat boldy.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan tatar amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleriniň fotosuratlarynyň sergisi dabara aýratyn bezeg berdi. Bu ýerde häzirki zaman senetçileriniň işleri, şol sanda milli lybaslaryň zerli keşdeleri, zergärler tarapyndan taýýarlanan nepis şaý-sepler, neçjarlaryň eserleri, kalligrafiýa sungaty, derä çekilen şekiller, milli nagyşlar görkezildi.

Şekillendiriş sungaty eserleriniň, şeýle hem Tatarystanyň häzirki döwürde gazananlaryna, taryhyna, onuň paýtagty Kazana Ýewropanyň we Aziýanyň serhedinde ýerleşýän gadymy şähere bagyşlanan fotosuratlaryň sergisi gözden geçirilişiň üstüni ýetirdi.

Ertir 18-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki şäherde Aşgabat we Mary şäherlerinde dowam eder.

Dostlukly ýurduň sungat işgärleri Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda çykyş ederler we Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlärler.

Aşgabatda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkyň çeper döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek atly tegelek stol duşuşygy guralar.

Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat kinoteatrynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň kinematografiýaçylarynyň duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar, şeýle hem Ibn Fadlan we Tarlan kinofilmleriniň görkezilişi bolar.

Doganlyk ýurduň Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde iki ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dostluk konserti bilen tamamlanar. Şeýle hem jemleýji günüň medeni maksatnamasy Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenji we Aşgabat kinoteatrynda Isenmesez atly çeper filmiň görkezilişini öz içine alar.

Ýene degişli makalalar

16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI RUSSIÝA—YSLAM DÜNÝÄSI: KAZAN FORUM—2024 XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany kabul etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy