Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

Şu gün 18-nji oktýabrda düýn Mukamlar köşgünde açylyş dabarasy bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Aşgabat we Mary şäherlerinde dowam eder. Dostlukly halkyň sungat işgärleri Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş ederler hem-de Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlärler.

Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolsa, Halkyň çeper döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek atly “tegelek stol” duşuşygy guralar. Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Ibn Fadlan we Tarlan kinofilmleriniň görkezilişi bolar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dostluk konserti bilen tamamlanar. Şeýle hem jemleýji günüň medeni maksatnamasy Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenji, Aşgabat kinoteatrynda Isenmesez atly çeper filmiň görkezilişini öz içine alar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Tatarystandan gelen medeniýet ussatlaryny garşylaýar
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi
Medeni gatnaşyklar halklary ýakynlaşdyrýar
Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi gurnaldy
Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri başlandy