Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi

Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem ýurduň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi öz içini dowam etdirdi. Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti dabara gatnaşyjylara ýakymly täsir galdyrdy. Dabarada ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar medeniýet we sungat arkaly halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilýändigine şaýatlyk etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri 17-nji oktýabrda açyldy. Şol gün Medeniýet günleriniň açylmagy mynasybetli ýörite dabara hem-de Tatarystan Respublikasynyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem ýurduň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi geçirildi.

18-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi, şol gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Halk senetçiliginiň häzirki zaman ösüşi atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa, Aşgabat kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň kino sungatynyň bilermenleriniň duşuşygy geçirildi hem-de Aşgabat kinoteatrynda Ibn Fadlan we Tarlan atly tatar kinofilmleriniň görkezilişi guraldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi
17-nji oktýabrda Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar
Türkmenistan Tatarystandan gelen medeniýet ussatlaryny garşylaýar
Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri
Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri başlandy
Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär