19.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýokary derejede ösen lukmançylyk döwletiň kuwwatynyň nyşanydyr

Şu gün, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze durmuş maksatly desgalaryň — köpugurly hassahananyň hem-de ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle desgalaryň gurluşygynyň barşyna olaryň ähli möhüm tapgyrlarynda, şol sanda desgalar gurlanda we enjamlaşdyrylanda hut özi gözegçilik edýär.Hususan-da, geçen ýylyň 23-nji ýanwarynda milli Liderimiz ýurdumyzyň gündogar welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenabadyň günorta bölegindäki gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Bu ýerde Merkezi Aziýada we ýurdumyzda örän uly köpugurly welaýat hassahanasy gurulýardy.Döwlet Baştutanymyz 47,6 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän lukmançylyk merkeziniň çäklerini synlap, bu özboluşly edaranyň mümkinçilikleri diňe tutuş ýurdumyzdan däl-de, eýsem, daşary döwletlerden, ozaly bilen, goňşy ýurtlardan, şol sanda Owganystandan näsaglary kabul etmäge mümkinçilik berer diýip belledi. Şol gün hormatly Prezidentimize ýöriteleşdirilen bölümleriň ençemesini öz içine alýan köpugurly hassahananyň düzümi planşetlerde we maketlerde görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara täze lukmançylyk merkezine daşary ýurtly näsaglaryň gelmegi bilen bagly ähli guramaçylyk meselelerini göz öňünde tutmagy tabşyrdy, şeýle hem ylmy-usulyýet we işgärler, hassahanada işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri çekmek, paýtagtymyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş hassahanalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak boýunça görkezmeleri berdi.

Bularyň hemmesi ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramaga we abadançylygyna, her bir raýatyň bähbitleriniň goralmagyna uly ünsüň berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Bu bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Saglygy goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrülip, oňa şäher we welaýat häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenabadyň hormatly ýaşululary, köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.Howa şarlary we dürli reňkli toý baglary, çarçuwaly şygarlar bilen bezelen bejeriş binalaryň ýanynda eziz Watanymyzy hem-de häzirki döwre mahsus bolan ajaýyp özgertmeleri wasp edýän aýdymlar we sazlar ýaňlanyp, döredijilik toparlary joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.

Lukmançylyk merkezi köpugurly hassahanany we ýokanç keselleri hassahanasyny, şeýle hem lukmanlar üçin ýaşaýyş jaý toplumyny öz içine alýar.Bu iri maýa goýum taslamasy hususy kärhana — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan amala aşyryldy. 676 orunlyk 5 gatly baş binada gaýragoýulmasyz tiz kömek, anesteziologiýa-reanimasiýa, angiografiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, fizioterapiýa, gemogializ, rengenologiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, kardiologiýa, otorinolaringologiýa, nefrogematologiýa, neýrohirurgiýa, newrologiýa, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň keselleri, oňurga patologiýasy, rewmatologiýa, toksikologiýa, trawmotologiýa we ortopediýa, urologiýa, şeýle hem trawmotologiýa bölümi, gan banky, barlaghana we beýlekiler bar.

Olaryň üpjünçiligi jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ähli derejelerinde döwrebap enjamlary ornaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerine laýyk gelýär.Köpugurly hassahananyň üç gatly binasynda 160 orunlyk ýokanç kesellerini bejeriş we öňüni alyş merkezi ýerleşdirildi.

Binanyň birinji gatynda näsaglary kabul etmek üçin hassahananyň kabul ediş bölümi ýerleşdirilen we her näsagyň güman edilýän ýokanjyna laýyklykda aýratyn otaglarda kabul etmek we gerek bolanda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler bar. Şeýle hem şu gatda howa-damja ýoly arkaly geçýän keselli näsaglary bejermek üçin niýetlenen bölüm ýerleşdirildi.

Bu ýerde näsaglar üçin sekiz sany aýratyn otaglar bar.Bu ýerde näsaglary gyssagly ýagdaýda ugratmak zerurlygy ýüze çykan halatynda lukmançylyk awiasiýasyny peýdalanmak üçin dikuçar meýdançasy gurnaldy, ýörite aragatnaşyk ulgamlaryny, lukmançylyk işgärleri tarapyndan näsaglaryň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmegi üpjün etmek üçin gepleşik enjamlary, bejeriş işleriniň hem-de näsaglara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr.

Baýramçylyk dabaralarynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan lebaply lukmanlara tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin flýuorografiýa, gan almak üçin we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen ýörite awtoulaglar sowgat berildi.

Hassahananyň ýanynda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumy hem bina edildi.Onuň gurluşygyna 2016-njy ýylyň iýul aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi.Toplum giň 3 we 4 otagly öýleri, enjamlaşdyrylan aşhanalary, eýwanlary bolan ýokary amatlykly 4 gatly jaýlaryň 6-syny öz içine alýar. Şäherçe 200-e golaý maşgalanyň ýaşamagy üçin niýetlenendir.

Jaýlar milli binagärligiň alamatlaryny peýdalanmak bilen döwrebap görnüşde, ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp, bina edildi.Munuň özi bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň abadançylygy barada edýän ýadawsyz aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. *** Mary şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp, çagalar hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn özgertmeleri netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňüleriniň derejesine ynamly çykdy.Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy.

Munuň özi ilatyň ýokary hilli lukmançylyk kömegine giň elýeterliligini üpjün edýär.Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň 30-njy aprelinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak hem-de olary öňdebaryjy tilsimatly bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Mary şäherinde çagalar hassahanasyny gurmak barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, Karara gol çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny okgunly ösdürmekde möhüm waka boldy. Ýokary derejede geçirilen türkmen-emirlikler gepleşikleriniň barşynda döwlet Baştutanymyz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan beýleki möhüm meseleler bilen birlikde, Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň gurluşygynyň ilerledilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ine, şu gün milli Liderimiziň aladasy netijesinde tutuş Mary welaýatynyň körpelerine hyzmat etmäge niýetlenen täze saglygy goraýyş desgasynyň açylyş dabarasy boldy.Saglygy goraýyş edarasynyň düzümine hirurgiýa, gastroenterologiýa, newrologiýa we rewmokardiologiýa, reanimasiýa, anesteziologiýa, anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, barlaghana, radiologiýa, gan banky bölümleri girýär.

Mundan başga-da, näsaglary dürli ugurly hünärmenler — oftalmolog, otolaringolog, endokrinolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, surdolog we beýlekiler kabul eder.Hassahananyň anyklaýyş we maslahat beriş bölümi elektroensefalograf, rentgen, tomograf, wideofibrobronhoskop, fibrogastroskop, EKG we beýleki iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir.

Fizioterapiýa otagynda elektro, ýylylyk we yşyk terapiýasynyň dürli usullaryny (UWÇ, elektroforez, kwars we beýlekiler) ulanmak üçin iň täze enjamlar ýerleşdirilendir.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, täze lukmançylyk edarasy ýörite enjamlary çykarmaga ýöriteleşdirilen iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary takyklykdaky keseli anyklaýyş we bejeriş enjamlary, şeýle hem beýleki ýörite abzallar bilen üpjün edildi.

Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler döredildi.Döwrebap çagalar hassahanasynyň ulanmaga berilmegi ýatdan çykmajak baýramçylyk çäresine öwrüldi.Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça baş direktory Muhammet Al Huri bar.Dabara mynasybetli täze desganyň abadanlaşdyrylan çägi baýdaklar hem-de dürli reňkli lentalar bilen bezeldi.

Döredijilik toparlary açylyş dabarasyna gatnaşyjylary öz sungaty bilen begendirdiler.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyz boýunça Halkara bitaraplyk güni mynasybetli binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralary boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli itşynaslygyň döwrebap düzümi döredilýär
Pälwansyň sen, edermensiň sen, alabaýym!
Marynyň çagalar hassahanasy: ösüp gelýän nesliň abadançylygynyň hatyrasyna ýokary ölçegler
22.07.2018 | Marynyň çagalar hassahanasy ýokary takyklykdaky kesel anyklaýyş we iň täze bejeriş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy