2 tigirli ulagyň 2 asyrda geçen ýoly

Ykdysadyýet we Senagat

Ulagyň dürli görnüşleriniň peýda bolandygyna garamazdan, iki asyrdan gowrak wagt bäri ulanylýan welosiped öz ähmiýetini ýitirmedi. Gaýtam, bu ulag has kämilleşdirilip, onuň dürli görnüşleri çykaryldy. Bu söz beýleki dilleriň köpüsine fransuzçadaky vélocipède (tiz aýak) sözünden geçipdir. Şeýle hem bicyclette sözi hem iki tigir diýmegi aňladyp, fransuz dilinden beýleki dillere geçipdir. XIX asyrda oýlanyp tapylan bu ulag serişdesiniň bir, iki we üç tigirli görnüşleri bilen bir hatarda, elektrik energiýasy bilen hereket edýän görnüşleri hem bar. Ol gatnaw, sport hem-de saglyk maksatlary, şeýle-de güýmenje üçin hem peýdalanylýar. Geliň, bu ulag barada käbir maglumatlara seredeliň!
Bir tigirde rekord
Amerikaly Kurt Osburn welosipediň öňüni galdyryp, bir tigri bilen 4569 km ýol geçýär. Bu rekord 1999-njy ýylda hasaba alynýar. Türgen Kaliforniýadan Florida çenli aralygy 50 günde geçýär. Şeýle hem, erjel türgeniň yzyny üzmän welosipedini bir tigirde uzak wagtlap sürmek rekordy bar. Ol welosipediniň öň tigrini galdyryp 11 sagatlap sürüpdir.
Tomas Stiwens 1884-1886-njy ýyllar aralygynda ilkinji bolup, Ýer ýüzüniň daşyndan welosipedli aýlanýar. Ol ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinden başlan syýahatyny Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda tamamlaýar.
Ilkinji howpsuz welosiped
1885-nji ýylda angliýaly inžener Jon Kemp Starli iki tigri hem deň ölçegde bolan ilkinji welosipedi işläp düzýär hem-de oňa zynjyr oturdýar. Şondan gysga wagtdan soňra ýel berip bolýan rezinden öndürilen tigirler peýda bolýar. Bu ýagdaý welosipedi has rahat ulaga öwürýär. Ondan öň yzky tigri kiçi, öňki tigri has uly bolan welosipedler ulanylýan eken. Täze açyşlar bu ulagyň dünýäde gysga wagtda ýaýramagyna getirýär.
Dünýäde bir milliarddan gowrak welosiped bar, olaryň ýarysyna golaýy Hytaýda. 17 million töweregi ilaty bolan Niderlandlarda 23 milliona golaý welosiped bar.
Iň uly welosiped bäsleşigi
Fransiýa welosiped ýaryşy (Tour de France) dünýäde iň çylşyrymly sport bäsleşikleriniň biri hasaplanýar. Bäsleşigiň şu ýylky tapgyry 3482 kilometre barabar bolup, üç hepdede tamamlandy.
Ilki agaçdan ýasaldy
Ýönekeý ýaly bolup görünse-de, oýlap tapylanyndan bäri dürli öwrülişikleri başdan geçiren, ilki agaçdan ýasalan ulagyň bu görnüşi tehnologiýanyň ösmegi bilen has rahat we howpsuz ulaga öwrüldi.
Iň uzyn welosiped
XIX asyrda döredilen wagty bir ýa-da iki orunlyk bolan welosipedleriň häzirki wagtda dürli görnüşleri bar. Häzire çenli dürli maksatlar bilen dürli welosipedler öndürildi. Rekord goýmak maksady bilen ýasalan iň uzyn welosipediň uzynlygy 41,42 metre barabar. 35 orunlyk welosipedi Awstraliýanyň Günorta Awstraliýa uniwersitetleriniň hünärmenleri işläp taýýarlapdyr. 2015-nji ýylda ýurduň Adelaida şäherinde geçirilen synanyşykda bu ulagy 100 metr sürüpdirler.
Elektrik energiýasy
bilen işleýär
Soňky ýyllarda beýleki ulaglarda bolşy ýaly, welosipediň hem elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşleri peýda boldy. Daşky gurşawa zyýansyz hasaplanýan ulagyň bu görnüşini hem aýagyň güýji bilen hereket etdirip bolýar. Muňa garamazdan, elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijisi has uzak aralyga gidilende sürüjilere rahatlyk döredýär. Bu ulaglar dürli elektron enjamlara zarýad bermäge, şeýle hem çyra, nawigasiýa we aragatnaşyk enjamlaryny ulanmak üçin hem amatly hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

20.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi
AŞGABATDA BITARAP TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR BAŞLADY
21.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar
Berdimuhamedow saglyk ministri bilen koronawirusy maslahat etdi, üzärlik maslahatyny gaýtalady
Toplumyň taryhynda täze sahypa
“Toyota Innova Crysta” bäşlik aldy