ABŞ we Ysraýylyň maksatlaryna laýyklykda ,Saud Arabystanyň resmileri ,Eýranyň parahatçylykly ýadro maksatnamasynyň Günbatar Aziýa sebiti üçin howp salýandygy baradaky aýyplamalary we toslamalary dowam etdirýärler.
Bu üsti açylan talaplaryň dowamynda; Saud Arabystanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi, Adel al-Jubeir beren interwýusynda "Eýranyň ýadro programmasy togtadylmasa, Saud Arabystanynyň özüni ýadro ýaraglary bilen enjamlaşdyrmaga hukugy bolar" -diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Wenada ýerleşýän halkara guramalaryndaky hemişelik wekili "Kazem Gharibabadi", Riýad ýadro ýaraglar baradaky programmasynynda, IAEA (International Atomic Energy Agency) bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bahana görkezjek bolsa, batyrgaý bolup etjek işleriniň bahasyny tölesin diýip beýan etdi. "Kazem Gharibabadi" "beýlekileri günäkärlemegiň we gorky döretmegiň ýalançylaryň ulanylýan iki nusgawy we umumy usulydyr" diýmek bilen "Nädogry hereketleriňizi beýlekilerde günäkärlemäň" -diýdi.
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir ýakynda beren interwýusynda "Eýranyň ýadro programmasy togtadylmasa, Saud Arabystanynyň ýadro ýaraglary bilen enjamlaşdyrylmaga hukugy bolar" -diýdi.
Bu meseläniň gizlin gatlaklaryny seljermekde möhüm bir zat, adaty däl ýadro çärelerini kanunlaşdyrmak üçin Saud resmileriniň talaplarynyň Eýranyň ýadro programmasyny aýyplamak ondan gural suratda ulanylmagydyr.Başgaça aýdylanda; Saud Arabystany ýadro ýaragyna ýol açýar, bu sebitde gorkulykly howplarynyň täze gatlaklaryny döretmegi aňladýar. "Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň öňki wise-prezidenti we ýarag we ýadro boýunça baş inspektory, Garward uniwersitetiniň professory Olli Heinonen:" "Saud Arabystany ýadro aç-açanlygyny hakykatdanam görkezmedi.
Mysal üçin, entek IAEA-nyň goşmaça teswirnamasyna gol çekmedi. Şeýle hem, Riýadyň guruljak ýadro reaktorlarynyň sanyny kesgitlemekden başga anyk ýadro energiýa meýilnamalaryny görmedik. Şeýle hem, gözleg reaktorlaryny gurmak meýilnamalarynda hiç hili çäre görmediler "diýdi.
New-York Taýms geçen awgustda ABŞ-nyň gizlin ýadro işleri barada Riýadyň etegindäki gün panelleriniň önümçilik desgalarynyň ýanynda desgalaryň bardygyny habar berdi.ekspertler bu gurluşyň yglan edilmedik ýadro desgalary ,Saud Arabystanynyň ýadro desgalarynyň bir bölegi bolup biljekdigine güman edýärler.
