“20-nji Aprelde Halka Buşlukly Habar Bereris”

“20-nji Aprelde Halka Buşlukly Habar Bereris”

Prezident R. T. Erdogan TRT arkaly ýaýlyma berlen gepleşikde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda möhüm ýüzlenmeler berdi.

Prezident Erdogan 20-nji aprelde halka Gara deňizden çykaryljak tebigy gaz meselesinde buşlukly habar berjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Gara deňiz gazynyň birinji tapgyrynyň Zonguldak Filýosda ulanylmaga beriljekdigini, Sakarýa gaz giňişliginiň tapylan gününden öndürlen gününe çenli dünýäniň iň çalt depginde tamamlanan deňiziň düýbüne otnaşdyrlan taslamadygyny gürrüň berdi.

Guýularyň başyndaky nurbatyň açylmagy bilen 16-njy aprelde, deňiziň düýbüne ornaşdyrlan geçirijä gazyň berilmäge başlanandygyny ýatladan Erdogan: “Bu gaz giňişliginde önümçiligi 3 ýylda 40 million kub metre çykararys. İkinji tapgyryň tamamlanmagy bilen ähli ýaşaýyş jaýlarynda öz tebigy gazymyzy ulanarys.

Beýleki tarapdan täze tebigy gaz gözleg işleri üçin taýarlyk görýäris.Merkezi Gara deňizde seýsmiki gözlegler tamamlandy.Gündogar Gara deňizde bolsa seýsmiki gözlegler dowam edýär.Seýsmiki gözleg işleriniň tamamlanmagyndan soň burawlaryş işleri başlar.

Seýsmiki gözlegler Günbatar Gara deňizde uly mümkinçiligiň bardygyny görkezýär” diýdi.

Akguýu Atom elektrik bekedi hakynda hem durup geçen Erdogan, “27-nji aprelde dabaraly ýagdaýda Akguýu Atom elektrik bekedine täze ýangyç getirler.Täze ýangyjyň getirilmegi bilen Akguýu, Atom elektrik bekedi statusyna eýe bolar.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Jenap Wladimir Putin hem dabara wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşar. Ýurdumyzyň elektrik togynyň 10 göterimi şol desga arkaly üpjün ediler.Ykdysadyýete 6,5 milliard dollarlyk goşant goşjak desga mundan başgada 7 milliard kub metrlik tebigy gazyň import edilmeginiň öňüni alar” diýdi.

Türkiýäniň dünýäniň esasy atom güýçlerinden biri boljakdygyny aýdan Erdogan Türkiýe Asyrynyň şol bir wagtda energetikanyň hem asyry boljakdygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan türki döwletlerden gelen çagalar bilen duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy