2020-nji ýylyň iň gymmat transferleri

Tamamlanyp barýan 2020-nji ýylda edil ozalkylar ýaly bolmasa-da, futbolda ýüzlerçe futbolçy klubuny üýtgetdi, başga toparlara transfer boldy. Şol transferleriň arasynda iň gymmadyny “Çelsi” amala aşyrdy.

London kluby geçen transfer möwsüminiň iň köp çykdajy eden kluby bolup, topar “Baýeriň” (Lewerkuzen) germaniýaly ýaş oýunçysy Kai Hawertsi 80 million ýewro transfer etdi. 2020-nji ýylyň iň gymmat 2-nji transferi braziliýaly Artur Melodyr.

Bu transfer üçin “Ýuwentus” topary 72 million ýewrony “Barselona” toparyna bermeli bolupdy.Sanawda 3-nji futbolçy nigeriýaly hüjümçi Wiktor Osimhen bolup, “Napoli” topary ýaş oýunçynyň transfer üçin “Lill” klubuna 70 million ýewro tölemäge borçlanypdy.

2020-nji ýylyň iň gymmat 20 transferi

Kai Hawertz “Baýer” >> “Çelsi” 80 million ýewro

Artur Melo “Barselona” >> “Ýuwentus” 72 million ýewro

Wiktor Osimhen “Lill” >> “Napoli” 70 million ýewro

Ruben Dias “Benfika >> “Mançester Siti” 68 million ýewro

Miralem Pýaniç “Ýuwentus” >> “Barselona” 60 milyon ýewro

Timo Werner “Leipsig” >> “Çelsi” 53 million ýewro

Ben Çilwell “Lester Siti” >> Çelsi” 50,2 million ýewro

Mauro Ikardi “Inter” >> PSŽ 50 million ýewro

Tomas Parteý “Atletiko Madrid” >> “Arsenal” 50 million ýewro

Natan Ake “Bornmut” >> “Mançester Siti” 45,3 milyon ýewro

Leroý Sane “Mançester Siti” >> “Bawariýa” 45 million ýewro

Diogo Žota “Wulwerhempton” >> “Liwerpul” 44,7 million ýewro

Aşraf Hakimi “Borussia Dortmund” >> “Inter” 40 million ýewro

Hakim Ziýeş “Aýaks” >> “Çelsi” 40 million ýewro

Fabio Silwa “Porto” >> “Wulwerhempton” 40 million ýewro

Donni Wan de Beek “Aýaks” >> “Mançester Ýunaýted” 39 million ýewro

Deýan Kulusewski “Parma” >> “Ýuwentus” 35 million ýewro

Wesli Fofana “Sent-Etien” >> “Lester Siti” 35 million ýewro

Jowani Lo Selso “Betis” >> “Tottenham” 32 million ýewro

Fransisko Trinkao “Braga” >> “Barselona” 31 million ýewro

The post 2020-nji ýylyň iň gymmat transferleri appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Holann hezil etdi, ýyldyz oýunçynyň täze rekordy
Çelsi 11 futbolçysyny satlyga goýdy
“Al-Hilal” bu gezek portugaliýaly oýunçyny transfer etdi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi müňýyllyklaryň mirasy atly ylmy maslahat we sergi geçirildi
Beýik Ýüpek ýolundaky meşhur şäher
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi