Çelsi we Benfika ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy

Çelsi we Benfika ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy

Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda Çelsi Dortmundyň Borussiýasyny ýeňlişe sezewar etdi. Stemford Brij stadionynda geçirilen pýun 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Iňlis klubynyň düzüminde Rahim Sterling (43-nji minut) we Kaý Hawerz (53-nji minut, penalti) tapawutlandy. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda 1:0 hasabynda Borussiýa ýeňiş gazanypdy.

Şeýlelikde, iki oýnuň netijesine görä, ÇelsiÝÇL-iň çärýek finalyna ýollanma aldy.

Parallel wagtda geçirilen beýleki duşuşykda Portugaliýanyň Benfika kluby jogap oýnunda hem Belgiýanyň Brýugge toparynda 5:1 hasabynda (deslapky oýun 2:0) üstün çykyp, ýaryşyň çärýek finalyna adyny ýazdyrdy.

Martyň 8-nden 9-na geçilen gijede ÝÇL-iň 1/8 finalynyň ýene iki jübütinde çärýek finala çykan toparlar belli bolar. Has takygy, Bawariýa PSŽ klubyny (deslapky oýun (1:0), Tottenhem bolsa Milany (deslapky oýun 0:1) myhman alar. Iki duşuşyk hem Aşgabat wagty bilen sagat 1:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Mançester Ýunaýted we Çelsi aňsatlyk bilen üç utuk gazandylar
“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi
Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1-nji tapgyrynyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi
Turkmenportal BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk baglaşdy, Hytaýyň awtoşaýlary ýüklenen otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip gider, Aşgabatda moda hepdeligi tamamlandy