Mançester Ýunaýted we Çelsi aňsatlyk bilen üç utuk gazandylar

Mançester Ýunaýted we Çelsi aňsatlyk bilen üç utuk gazandylar

Angliýanyň premýer-ligasynyň ýene iki duşuşygy geçirildi.Mançester Ýunaýted 17-nji tapgyryň oýnunda Nottingem Foresti 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýunaýtede ýeňiş getiren bollary Reşford (19), Marsiýal (22) we Fred (87) geçirdi. Şeýle-de Çelsi tapgyrda Bornmuty myhman alyp, 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Aristokratlaryň gollaryna Hawerz (16) we Maunt (24) awtorlyk etdiler.Tapgyr Aşgabat wagty 29-njy dekabrda sagat 1:00-da başlanjak Lids — Mançester Siti oýny bilen jemlener.Häzirlikçe 17 tapgyrdan soňra 15 oýunda 40 utuk toplan Arsenal turnir tablisasyna liderlik edýär.

Ikinji orundaky Nýukaslda 16 oýundan soňra 33 utuk, üçünji ýerdäki Mançester Sitide bolsa 14 oýundan soňra 32 utuk bar. Şeýle-de güýçli bäşlikde Tottenhem (16 oýunda 32 utuk) we Mançester Ýunaýted (15 oýunda 29 utuk) klublarynyň ady bar.

17-nji tapgyryň netijeleri:

26-njy dekabr:

29-njy dekabr:

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Arsenal birinjiligi elden bermedi
Arsenal utuk ýitirdi
Çelsi ýene-de ýeňildi
Mançester Siti Lidsi ýeňip, ikinji orna dolandy
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy