2021-nji ýylda haýsy filmleriň çykmagyna has köp garaşylýar?

2021-nji ýylda haýsy filmleriň çykmagyna has köp garaşylýar?

“Variety” gazetinde 2020-nji ýylda çykmagy meýilleşdirilen, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilen täze filmleriň toplumy düzüldi. Bu barada nation-news.ru habar berýär.

Eddi Merfiniň baş keşbi janlandyrýan "Amerika syýahat" komediýasy indiki ýazda prokata çykar. Şeýle hem, tomaşaçylara “Reýa we soňky aždarha” animasion filminiň hem-de “Nýuarkyň köp mukaddesleri” kriminal dramasynyň premýeralary garaşýar. 2021-nji ýylda “Morbius” filmi, Bondiananyň jemleýji bölümi bolan “Ölmegiň wagty däl”, “Godzilla Konguň garşysyna” atly ylmy-fantastik filmi, Marwel studiýasynyň blokbasteri “Gara dul” we “Forsaž” filminiň dokuzynjy bölümi prokatlarda peýda bolar.

Tomusda kinoteatrlarda täze "Arwah awçylary", "Minionlar", "Wenom" we "Kosmiki jem"-iň ikinji bölümi görkeziler.Köpden bäri garaşylýan “Dýun”, “Iň soňky duel”, “Bitirmesi kyn tabşyryk-7” we “Elwis” filmleriniň bolsa şu güýzde çykmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
“Ölmegiň wagty däl” filmi pandemiýa döwrüniň iň köp girdejili filmi boldy
Joşua Usykdan ýene-de asgyn geldi
131 karatlyk göwher tapyldy
Britaniýaly EuroMillions lotereýasynda 171 mln funt sterlingden gowrak utdy