2022-nji ýylda Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mart aýyna süýşüriler

2022-nji ýylda Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mart aýyna süýşüriler

2022-nji ýylda “Oskar” baýragynyň 94-nji gowşurylyş dabarasynyň senesi 27-nji fewraldan 27-nji marta geçiriler. Bu barada maglumat Amerikanyň kino sungaty akademiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

Şeýle-de, filmleri saýlamagyň ahyrky möhletiniň 31-nji dekabra çenli dowam etjekdigi we filmleriň 2021-nji ýylyň 1-nji martyndan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda çykan bolmalydygy habar berilýär.

Birnäçe nominasiýalarda baýragyň gysga sanawyna giren filmler 21-nji dekabrda belli bolar, ähli kategoriýalarda baýraga dalaşgärler 8-nji fewralda yglan ediler.Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler sebäpli, 2021-nji ýylda guramaçylar 93-nji dabaranyň gerimini kiçeltmeli boldular.

Onuň esasy bölegi Los-Anjelesiň Union Station demir ýol menziliniň amfiteatrynda geçirildi.Iň gowy film “Çarwalaryň ýurdy”, iň gowy režissýor Hloýa Çžao, iň gowy aktrisa Frensis Makdormand, iň gowy aktýor Entoni Hopkins boldy.

Dabaranyň ýaýlymyna 9,85 mln adam tomaşa etdi, bu baýrak gowşurylyş dabarasynyň taryhynda iň pes görkezijidir.

Ýene degişli makalalar

93-nji Oskar baýraklary gowşuryldy
Çarwadarlaryň Oskary
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
2023-nji ýylda 10 minutdan az wagtyň içinde smartfona zarýad bermäge ukyply tehnologiýa peýda bolar
Katara çempionat döwründe näçe syýahatçy bardy?
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY