2023: Gadaganlyk, gözegçilik, maşgala zorlugy. Aýal-gyzlar haklaryndan peýdalanyp bilmedi

2023: Gadaganlyk, gözegçilik, maşgala zorlugy. Aýal-gyzlar haklaryndan peýdalanyp bilmedi

2023-nji ýyl türkmen zenanlarynyň durmuşynda uly bir özgerişlik getirmedik hem bolsa, olaryň köp ýüzbe-ýüz bolýan problemalarynyň käbir sebäplerine düşündiriş boldy. Türkmenistanda zenanlaryň erkekler bilen deň hukuklary kanunda kepil geçilýär, emma iş ýüzünde zenanlaryň ençemesi öz haklaryndan peýdalanyp bilmeýär. 2023-nji ýylda häkimiýetler zenanlar üçin päsgelçilik döredýän çäklendirmeleriň ýene birnäçesini girizdi.

Zenanlaryň awtoulag sürmek hakyndan peýdalanmagynyň öňündäki bökdençlikler soňky ýylyň dowamynda saklanyp galdy we ýaýbaňlandy.

Aýal-gyzlar sürüjilik mekdeplerine kabul edilmekde ýaş çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Awtoulag sürmek haky

Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlara gender tapawudyna garamazdan, 18 ýaşda ulag dolandyrmaga rugsat berýän hem bolsa, iş ýüzünde zenanlar bu kanundan peýdalanyp bilmedi.

Ýylyň başynda Içeri işler ministrliginiň ygtyýarly edaralary 40 ýaşyny doldurmadyk aýal-gyzlara sürüjilik şahadatnamasyny bermekden ýüz öwürip başlan bolsalar, ýaş çäklendirmesi ýylyň aýagyna golaý ýene artdyryldy.

Oktýabr aýynda sürüjilik şahadatnamasyny almaga hukugy bolan aýal-gyzlaryň ýaş çäklendirmesi 41 ýaşa ýetdi.

Hususan-da, Balkan welaýatyndaky sürüjilik okuw mekdepleriniň biriniň resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyndan sürüjilik mekdeplerine güýzdäki okuw tapgyrynda ýaş zenanlary okuwa kabul etmezlik boýunça transport we içeri işler edaralaryndan tabşyryk berlendigi mälim boldy.

Türkmenistanda sürüjilik mekdepleri ýylyň dowamynda dört tapgyrda okuw-türgenleşik kurslaryny guramalaşdyrýar.

Ýaş çäklendirmesinden başga-da, sürüjilik şahadatnamasyna ýüz tutan aýal-gyzlardan talaplaryň ýene-de birnäçesi edilýär. Zenan durmuşa çykan bolmaly. Edara-kärhanalarda işleýän aýallardan işleýän ýerlerinden häsiýetnama hem talap edilýär.

Nobatdaky bu çäklendirmeler aýallaryň awtoulag sürmeginiň öňüne uly böwet boldy.

Balkandaky bir sürüjilik mekdebiniň resmisi güýzki okuw möwsümi bolan sentýabr aýynyň başynda “ýekeje aýalyň okuwa kabul edilmändigini” aýtdy.

Bu problema barada birnäçe ýyllap dyman türkmen resmileri zenanlara sürüjilik şahadatnamasyň berilmezligi meselesini ilkinji gezek agzadylar we zenanlara awtoulag sürmäge dokument bermegiň ret edilmegi barada resmi düşündiriş berdiler.

Noýabrda BMG-nyň Ženewadaky uniwersal döwürleýin synynyň 44-nji mejlisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew bu mesele barada hasabat berdi.

Türkmen resmisi ýurtda ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köp sanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy.

Aýal-gyzlaryň ahlagy

Aýal-gyzlaryň çäklendirmelere we dürli kemsitmelere sezewar bolmagyna ýeterlik üns bermeýän türkmen häkimiýetleri zenanlaryň ahlagyna gözegçiligi dowam etdirdi.

Mekdeplerde gyz okuwçylarynyň ahlak terbiýesini maslahatlaşmak boýunça ýygnaklar ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan geçirildi.

Bilim resmileriniň, kanun goraýjy edaralaryň we ene-atalaryň gatnaşmagynda geçirlen şeýle ýygnaklarda ýokary klaslardaky gyz okuwçylaryň arasynda barha köp hasaba alynýan göwrelilik hadysalarynyň bardygy aýdyldy.

Häkimiýetler ahlak gözegçiligini güýçlendirmegine ýokary klas okuwçy gyzlaryň arasynda göwrelilik hadysalarynyň köpelýändigi, abort üçin lukmanlara ýüz tutýan gyzlaryň sanynyň hem artmagy bilen düşündirdiler. Şeýle-de, şol ýygnaklarda kanun goraýjy edaralaryň wekilleri soňky wagtlarda göwreli bolup, özüniň göwreli bolandygyny ata-enesine aýtmaga gorkýan we öýüni terk edýän okuwçy gyzlaryň hem hasaba alynýandygyny habar berdiler.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda abort etdirmek mümkinçiligi resmi taýdan örän çäklendirildi. Ýurtda göwreliligiň bäşinji hepdesinden soň, eger bu enäniň ýa-da çaganyň saglygyna çynlakaý howp abandyrmaýan bolsa, abort etdirilmegini gadagan edýän kanun güýje girdi. Şeýle-de bolsa, abort etdirmek mümkinçiligi köplenç pula bagly bolýar. Korrupsiýanyň giň ýaýran ýurdunda resmi gadagançylyklardan geçmek üçin adamlar para berip çykalga gözleýärler.

Galyberse-de, ýurtda aýal-gyzlaryň problemalary diňe bir gadagançylyk we gözegçilik bilen çäklenmedi. Maşgala zorlugy, aýal -gyzlaryň öz maşgalalarynda we öz ýakynlary tarapyndan duçar bolýan gysyş meselesine ne häkimiýetler, ne-de jemgyýуt tarapyndan ähmiýet berildi.

Maşgala zorlugy

Aýal-gyzlaryň maşgalada zorluga sezewar bolmagy problemasy dürli ýurtlarda agyrlygyna galýar. Beýleki ýurtlarda ýylyň dowamynda bu problema üns artdy. Käbir ýurtlarda, meselem Italiýada maşgala zorlugynyň öňüni almak boýunça kanun kabul edildi. Türkmenistanda bu mesele düýpden gozgalmady. Aýallaryň problemalary ne-de metbugatda gozgaldy, ne-de ony resmiler agzady.

Türkmen häkimiýetleri problemanyň bardygyny ykrar etmeýärkä, aýal-gyzlara zorlyk görkezilmegi jemgyýetde kada öwrüldi. BMG-niň geçen ýyl çap eden hasabatynyň görkezişi ýaly, Türkmenistanda aýa-gyzlaryň her 8-den biri maşgalada jynsy ýa-da fiziki zorluga sezewar bolýar, şeýle-de bolsa zenanlaryň ýarysy muny adaty ýagdaý hasaplaýar.

Şol bir wagtda-da, problemanyň çözgüdi onuň bardygyny boýun almakdan başlanýar.

Zenanlaryň hukuklary meselsini öwrenýän Saglyk.org neşiriniň we "Progres Fondunyň" ýolbaşçysy Aýnabat Ýaýlymowa ýagdaýyň üýtgäp başlamagy üçin hökümetiň we jemgyýetiň ähmiýet berip, ara almagynyň zerurdygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde belledi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň aýal-gyzlara gözegçiligi Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçenden soňra güýçlendi. 40 ýaşlaryndaky prezidentiň döwlet başyna geçen badyna häkimiýetleriň zenanlaryň görküne we özüni alyp barşyna ünsi artdy. Ozalky ýyl gözellik salonlary we aýallaryň özlerine serenjam bermek amallary tas bütinleýin gadagan edilen bolsa, 2023-nji ýylda şeýle çäklendirmeler biraz gowşady.

Emma ýurtda zenanlaryň kanuny haklaryny eden-etdilikli çäklendirýän, şahsyýetini kemsidýän şertler saklanyp galdy. Häkimiýetler zenanlaryň durmuşyna gatyşýarka, aýal-gyzlarda erksizlik, umytsyzlyk döredýär we olaryň zorlugyň öňünde ejiz galmagyna sebäp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda zenanlaryň maşgala zorlugyna sezewar bolmagy jemgyýetde uly howp döredýär
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkmen raýatlary ýer titremede ejir çeken watandaşlary barada habar berýärler, resmi maglumat ýok
Türkmen ýaşulylary agyr günde ýaşaýandygyny aýdýarlar
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar
Türkmenistanly zenan ýer titreme barada: "Biz aman galdyk. Ýöne beýlekilere näme boldy?"