Türkmenistanda zenanlaryň maşgala zorlugyna sezewar bolmagy jemgyýetde uly howp döredýär

Türkmenistanda zenanlaryň maşgala zorlugyna sezewar bolmagy jemgyýetde uly howp döredýär

Zenanlaryň maşgala zorlugyna sezewar bolmagy problemasyna halkara derejesinde üns barha artýar. Her bir ýurtda aýallaryň erkekler bilen deň hukukly bolmagy kanunda kepil geçilýän hem bolsa, deňsizlik dowam edip gelýär. Aýal-gyzlar durmuşda süteme köp sezewar bolýar we goragsyz galýar.

Gygyzystanda şu ýyl maşagala süteminiň pidasy bolan zenanar boýunça 10 müň ýagdaý hasaba alyndy. Owganystanda maşgalalardaky zorluk zerarly zenanlaryň arasynda öz janyna kast edýän köpeldi. Täjigistanda aýallaryň 78% süteme duçar bolýar. Gazagystanda, Özbegistanda hem ýagdaý agyr.

Türkmenistana gezek gelende resmi sanlardan diňe BMG-niň bir-iki ýyllykda geçiren barlagynyň netijeleri bar. BMG-niň geçen ýyl çap eden hasabatynda Türkmenistanda aýa-gyzlaryň her 8-den biriniň maşgalada jynsy ýa-da fiziki zorluga sezewar bolýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda aýallar babatyndaky maşgala zorlugy problemasy barada Saglyk.org neşiriniň we "Progres Fondunyň" ýolbaşçysy Aýnabat Ýaýlymowa bilen söhbetdeş boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

2023: Gadaganlyk, gözegçilik, maşgala zorlugy. Aýal-gyzlar haklaryndan peýdalanyp bilmedi
Türkmen raýatlary ýer titremede ejir çeken watandaşlary barada habar berýärler, resmi maglumat ýok
Salam, dogan! Hünärmen Aşgabadyň ret etmelerini ret edýär
Zenan hukuklary baradaky komitet Türkmenistana berýän maslahatlaryny çap etdi
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar
Türkmenistanly zenan ýer titreme barada: "Biz aman galdyk. Ýöne beýlekilere näme boldy?"