2023- nji ýyl dartgynly geçdi...

2023- nji ýyl dartgynly geçdi...

2023- nji ýylda başdan geçirilenler 2024-nji ýyldaky ähtimal geosyýasy we strategik ssenarileri iňňän diwersifikasiýalaşdyrdy. 4 milliarddan gowrak ilat 2024-nji ýylda saýlawa gatnaşar.ABŞ, Russiýa, Britaniýa, Hindistan, Taýwan, Bangladeş ýaly ýurtlar möhüm saýlawlary geçirerler.

Ukraina, Gaza, Taýwan meselesi, Eýranyň ýadro maksatnamasy, Ýakyn Gündogar Ysraýyl-Arap çaknyşyugynyň ahtimallyklara degişlidigi, energiýa serişdeleriniň nyrhlaryndaky näbellilikler we howanyň üýtgemegine bagly garaşylmadyk wakalar halkara syýasata çuňňur täsir ýetirjek wakalar sebäp bolup biler.

Soňky 24 aýda 78 çaknyşyk gaýtadan başlady ýa-da bar bolan, emma duran çaknyşyklar gaýtadan başlady.Bu ýagdaý halkara ulgamyň çaknyşykçy häsýetiniň iň esasy faktorlaryndan biri.

Ulgamdaky özgerlişik we üýtgetme henizem näbelli bolmagynda galýar hem-de bu meselede ABŞ-nyň pozisiýasy iňňän möhüm.ABŞ-nyň global pozisiýasyna düýpli garşylyk bar.Harby taýdan Hytaý ABŞ-ny häzirlikçe deňagramlaşdyrmasa hem ýakyn gelejekde käbir pudaklarda deňagramlaşdyrma ähtimallygy bar.

Bu ýagdaý Hytaýa global derejede global derejede güýç pozisiýasyny döretmez, emma öz sebitinde ABŞ-ny deňagramlaşdyryp, ony yza serpikdirer ýa-da yza çekilmegini üpjün etjek harby pozisiýa hökmünde ýüze çykýar.

ikinjisi ABŞ-nyň harby pozisiýasyna garşy Ýakyn Gündogarda esasanda 7-nji oktýabrdan soň uly hüjüm meýili bar.Ol hem ABŞ-nyň harby pozisiýasyna abanýan hopw hökmünde ýüze çykýar.

Ykdysady taýdan ABŞ henizem iň esasy güýç. Ýeworpanyň jeminden we Hytaýdan öňde durýar.Emma global derejede ykdysady ýagdaý Hindistanyň başda durmagynda birnäçe sebitleýin we orta ululykdaky güýjüň ABŞ-nyň ykdysady gegemoniýasyna düýpli garşy durýandygyny görkezýar.

Diplomatik taýdan bolsa ABŞ-nyň ruhy üstünliginiň ortadan aýrylandygy görülýär.Esasanda Gaza söweşinden soň Amerikan diplomatiýasy ynamdarlygyny ýitirene meňzeýär.Amerikan hökümetiniň kadalara esaslanýan ulgam döretmek maksady netijesiz galdy.

Hasam möhümi beýleki güýçleriň halkara düzgünleri berjaý etmezligine sebäp boldy.

Beýleki bir sistematiki mesele bolsa Russiýanyň Ukrainada dowam edýän hüjümleri.Russiýanyň Ukrainadaky geosyýasy maksatlarynda haýsydyr bir üýtgteşme ýok.Russiýa Ukrainany Gara deňize ýapyk döwlete öwürmäge çalyşýar.Finlýandiýanyň NATO agzalygy we Şwesiýanyň NATO agza bolmagyndan soň Russiýanyň şol maksadynyň ähmiýeti hasam artdy.

Emma Putiniň häzirlikçe we ähtmal 2024-nji ýylda maksadyna ýetmegi mümkin däl. Şeýlelikde Ukraina söweşinden üýtgewsiz söweş meýdany emele geldi.Operatiw gürlügi ýokary hem bolsa, geografik taýdan haýsydyr bir giňelme ýa-da öňegidişlik ýok.

Ol Russiýa-Ukraina söweşinde dowam etdirimesiz ýagdaýdyr. Şeýlelikde Ukraina meselesinde Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyk dinamikalary henizem dowam edýär.Beýleki bir mesele bolsa günbataryň Ukraina berýän güýçli goldawydyr.

Günbatar uly mukdarda harby goldaw bilen bilelikde ol häzirki wagtda söweş meýdanynda möhüm ähmiýete eýedir.Elbetde Ukrainanyň goranyşyny güýçlendirdi, emma Ukraina Russiýa garşy ýeňiş gazanmak üçin strategik üstünlik gazandyrmady.

Bar bolan ýagdaý Ukrainanyň ýaraşyk gepleşiklerine başlamagynyň öňüni alýar.Eýsem Ukrainanyň ýaraşyk meýilnamasy henizem Russiýanyň goşunlarynyň Ukrainanyň territoriýasyndan dolulygyna çekilmegini göz öňünde tutýar. Şol sebäpli Ukrainada 2024-nji ýylda bar bolan ýagdaýyň dowam etjekdigi, emma ABŞdaky prezident saýlawynyň Ukrainadaky ýagdaý üçin möhüm başlangyç emele getirip biljekdigini aýdyp bileris.

Russiýada-da şeýle saýlaw bolar.Emma bu saýlawda Putiniň Preizdentliginiň dowam etjekdigi, haýsydyr bir garaşylmadyk waka ýüze çykman halatnda Putiniň häkimiýetini dowam etdirjekdigini aýtmak ýalňyş bolmaz.Russiýa-Ýewropa gatnaşyklarynda täze meýiller bolup biler.

Tramp saýlawda üstünde çykan halatynda Ýewropanyň Ukraina meselesinde has erkin hereket etme ähtimallygy güýçlener.

Halkara syýasat garaşylýanlaryň tersine täze bäsleşikçi we çaknyşykçy tapgyry başdan geçirip biler.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Zelenskiý, Ysraýyl ýaly Ukrainany hem gorap boljakdygyny aýtdy
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär