2024: Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär

2024: Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmegi göz öňünde tutýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynda ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement önümi öndüriler.

“Sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgyly sement önümleriniň diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýandygyny belledi.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde çarşenbe güni dört gatly, her biri 18 öýli ik sany ýaşaýyş jaýy açylyp ulanylmaga berildi.

Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine “Toyota Coaster” kysymly orta synply täze awtobuslaryň 200-e golaýy we “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobuslaryň hem 10-sy gelip gowuşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ýanwar — iýun aýlarynda ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterim berjaý edildi
Ýanwar — iýun aýlarynda ýolagçy...
Balkan welaýat köpugurly hassahanasy durky täzelenip ulanylmaga berildi
Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
Mary welaýatynda 42 sany kottej jaýy açyldy