2024-nji ýylyň marty iň maýyl aý boldy

2024-nji ýylyň marty iň maýyl aý boldy

Şu ýylyň mart aýy meteorologik synlamalaryň bütin taryhynda iň maýyl aý hökmünde rekord goýdy diýip, 24KZ habar berýär.

Howanyň üýtgemegini synlaýan Ýewropanyň gullugynyň maglumatlaryna görä, bu aýda howanyň derejesi soňky 30 ýylda mart aýlarynda iň ýokary derejede boldy. Demirgazyk ýarymşaryň köp sebitlerinde, Ýewropanyň günortasyny goşmak bilen, maýyl howa akymlary duýuldy. Şeýle-de Dünýä ummanynyň üstünde we Grenlandiýanyň günortasynda buzdaglarda howanyň temperaturasy rekord derejede gyzdy.

Alymlar howanyň üýtgemegini adamyň işjeňligi bilen baglanyşdyrýarlar. Nebitiň we gazyň ýakylmagy atmosferada parnik gazlaryň ýygnanmagyny ýokarlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Hüjüm eýlär barça ary, gabat gelse bal biläni
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Braziliýada çybyn öndürilýän fabrik gurlar
Alymlar deriniň owadanlygy üçin nähili iýmitlenmelidiginiň syryny açdylar
Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular
Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy