2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ikinji Türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ikinji Türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Alekseý Owerçuk bilen duşuşdy. Bu barada News Central Asia ýazýar.

4-nji dekabrda bolan duşuşykda taraplar 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygyndan soň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki öňegidişlige syn berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler hökümetara toparyň 13-nji duşuşygyna we 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda geçiriljek ikinji Türkmen-rus işewürlik forumyna taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Ozal Raşid Meredowyň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda Hazar ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň şu gün — 5-nji dekabrda geçiriljek ýygnagyna gatnaşmak üçin saparda bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy, Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler we beýleki habarlar
Türkmenistan Merkezi Aziýa + Italiýa mejlisine gatnaşar
TASS HABARLAR GULLUGY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Russiýanyň TASS habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy