2025-nji ýyl portugaliýalylar üçin şowly geçýär

Tamamlanyp barýan 2025-nji ýyl Portugaliýanyň futbol federasiýasy üçin taryhy ýeňişlere beslenýär. Portugaliýanyň futbol hem-de futzal boýunça dürli ýaşdaky milli ýygyndylary şu ýylyň dowamynda 4-si resmi jemi 5 halkara ýaryşda çempionlyk gazandy.

Olaryň soňkusy Katarda geçirilen 17 ýaşa çenlileriň arasyndaky U17 Dünýä Kubogy ýaryşy bolup, ýaşajyk portugal oglanlar finalda awstriýaly oglanlardan 1-0 hasabynda üstün çykmagy başardy. Bu olaryň şu ýaryşdaky ilkinji çempionlygy boldy.

Portugallaryň şol 5 çempionlygyň arasynda iň ulusy esasy milli ýygyndynyň gazanan UEFA Milletler Ligasynyň çempionlygydyr. Germaniýadaky finalda Ispaniýanyň ýygyndysyny penaltileriň netijesinde ýeňen Portugaliýanyň milli topary bu kubogy 2-nji, umumylykda-da 3-nji uly çempionlygyny gazandy.

UEFA-nyň başga bir ýaryşynda, ýagny U17 Ýewropa çempionatynda Portugaliýanyň ýaşlar topary 7-nji gezek ýeňiji boldy. Şol topar 5 aýdan soňam ilkinji sapar Dünýä Kubogyny gazandy.

Portugaliýanyň U15 ýygyndy topary Horwatiýada geçirilen Wlatko Markowiç adyndaky halkara ýaryşda ýeňiji boldy. Toparyň düzüminde Kristiano Ronaldonyň ogly hem esasy düzümde çykyş etdi.

Şeýle-de, Portugaliýanyň futzal boýunça U19 ýygyndy topary Ýewropanyň çempionlygyny gazandy.

Ýene degişli makalalar

Ertir Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekiler
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
Ýewropalylaryň ýarysyndan gowragy Trampy 'Ýewropa üçin howp' hökmünde garaýar
Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
15-nji ýanwarda bolan wakalar
2026-njy ýylyň iň güýçli pasportlarynyň sanawy