2025-nji ýylda Aşgabatda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

2025-nji ýylda Aşgabatda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

Halkara sambo federasiýasynyň ýerine ýetiriji komiteti 2025-nji ýylda geçiriljek ýaryşlaryň senenamasyny tassyklady. Bu senenama görä, sambo boýunça dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 79-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriler. Ýaryşlaryň jikme-jik meýilnamasy Halkara sambo federasiýasynyň saýtynda çap edildi.

Dünýä çempionaty erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosy, erkekleriň we zenanlaryň arasynda söweş sambosy, şeýle hem erkekleriň arasynda körleriň sambosy boýunça ýaryşlar geçiriler.

Mundan başga-da, kenar ýaka sambosy boýunça dünýä çempionaty Singapurda geçiriler, sambo boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryş bolsa Ermenistanda we Gyrgyzystanda geçiriler. Talyplaryň arasynda sambo boýunça Dünýä kubogynyň ýaryşy Serbiýada geçiriler. Yklymlar boýunça çempionatlar aşakdaky ýurtlarda geçiriler: Aziýa we Okeaniýa Özbegistanda, Ýewropa Kiprde, Afrika Gwineýada, Panamerika Ekwadorda.

2025-nji ýylyň awgustynda Çendu şäherinde geçiriljek Bütindünýä oýunlarynda söweş sambosy boýunça ýaryşlar geçiriler, olara gatnaşmak üçin saýlama tapgyrlary 2024-nji ýylyň dowamynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Ekwadorda portlaryň birine hüjüm guraldy
Peruda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Täze merjen rifi tapyldy
Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy Nýu-Ýorkda weloýörişe gatnaşar
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri
Türkmenistan BMG-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirdi