2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlary Awstraliýanyň Brisben şäherinde geçiriler

2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlary Awstraliýanyň Brisben şäherinde geçiriler

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) 2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirjek şäheri atlandyrdy. Ýaryşlary Awstraliýanyň Brisben şäheri kabul eder.Bu karar 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda golaýdaky Olimpiadanyň geçiriljek ýeri bolan Tokioda (Ýaponiýa) HOK-nyň sessiýasynda kabul edildi.

Oýunlaryň Brisben şäherinde geçirilmegini HOK-nyň sessiýasyna 80 gatnaşyjynyň 72-si goldady, bäşisi garşy çykdy, üç gatnaşyjy bolsa ses bermekden saklandy diýip, sport-express.ru habar berýär.

Tokiodaky Oýunlardan soň, tomusky Olimpiada 2024-nji ýylda Parižde we 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriler.Brisbende Oýunlar 2032-nji ýylyň tomsunda geçiriler. 2032-nji ýyldaky ýaryşlary kabul etmäge Doha, Budapeşt, Germaniýanyň Reýn-Rur sebiti, Çendu we Çunsin hem isleg bildiripdi.

Awstraliýa Oýunlary taryhda iki gezek kabul etdi: 1956-njy ýylda Melburnda we 2000-nji ýylda Sidneýde. Ýurt iki gezek hem tomusky Olimpiadany kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek şäheri belli boldy
Awstraliýanyň Katar 2022-däki düzümi belli boldy
M.K. Atatürk Awstraliýada Hatyralandy
Olimpiýa oýunlary iň köp haýsy şäherlerde geçirildi?
Awstraliýanyň iň köp ilatly şäheri Melburn boldy
Awstraliýany köpçülikleýin howa iş taşlaýyşlary gurşady