21-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler

21-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler

21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-ata şäherinde Yssyk-Köl kölüniň kenarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler diýip, Sputnik Täjigistan habar berýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň bu duşuşygy hasap boýunça dördünji. Üçünji Konsultatiw duşuşyk 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda Awazada geçirilipdi. Şol duşuşykda döwlet Baştutanlary daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna 2022-2024-nji ýyllar üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taslamasyny ylalaşmak boýunça işleri tamamlamagy tabşyrdylar. Şeýle hem indiki Konsultatiw duşuşykda sebiti ösdürmek maksady bilen Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy gol çekmäge taýýarlamak tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Sebitara hyzmatdaşlygyň täze nusgasy
Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer
В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar
Hormatly Prezidentimiziň Täjigistana iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary amala aşyrylar