22.02.2018 | Paralimpiýa pauerlifting boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleri üç medala eýe boldular

Dubaý şäherinde (BAE) pauerlifting boýunça mümkinçilikleri çäkli türgenleriň arasynda tamamlanan dünýä Kubogy ugrunda ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary bir altyn we iki kümüş medala mynasyp bolup, ýokary derejeli ýaryşlarda iň gowy netijeleriň birini görkezdiler.

Halkara derejeli sport ussady Maýagözel Ekäýewa 79 kilograma çenli agram derejede 108 kilogram agramy göterip, birinji orna mynasyp boldy. 97 kilograma çenli agram derejede Baýramgeldi Saparow kümüş medala eýe boldy.

Onuň görkezen 190 kilogram netijesi şeýle üstünlik gazanmaga mümkinçilik berdi. Ýygyndy toparymyzda bu ýaryşlarda 72 kilograma çenli agram derejede Sergeý Meladze kümüş medal bilen baýrakly orny alan üçünji türgenimiz boldy. Şeýle üstünligiň gazanylmagyna paralimpiýaçy türgenleriň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Tahyr Şorahanow uly goşant goşdy.

Pauerlifting boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşda şeýle üstünlikleriň gazanylmagy türgenlerimize şu ýyl Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 29 medala eýe boldular
Türkmenistanly türgenler Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlaryna resmi çakylyk aldylar
Türkmenistanly paralimpiýaçylar Ýewropanyň açyk çempionatynda alty medal gazandylar
Guterriş: deňziň derejesiniň ýokarlanmagy tutuş ýurtlaryň ýok bolmagyna getirer
Indoneziýada ýangyç ammarynda ýangyn boldy
Türkmenistanda harby gulluk hakynda kanunlara täzeden serediler, Aşgabatda galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) taslamasy synag ediler, Türkmenistanda halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar