Türkmenistanly türgenler Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlaryna resmi çakylyk aldylar

Türkmenistanly türgenler Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlaryna resmi çakylyk aldylar

Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetine maýyplaryň arasyndaky yklym çempionatyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk iberdi.

Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň baş sekretary Ýusup Jafarow bu barada Türkmenportala habar berdi.

Oýunlar 2022-nji ýylyň 9 — 15-nji oktýabry aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler. Bäsleşige Aziýanyň 45 ýurdundan türgenler gatnaşar, oýunlaryň maksatnamasy 22 sport görnüşini öz içine alar.

Türkmenistanly paralimpiýaçylar iki ugurda: para agyr atletika (pauerlifting) we para ýeňil atletika boýunça çykyş ederler.

Para agyr atletika (pauerlifting) boýunça halkara derejeli sport ussatlary Maýagözel Ekeýewa we Sergeý Meladze öňem abraýly halkara ýaryşlarynda ýeňiji we baýrakly orunlara eýe bolupdylar (Aziýa Para oýunlary Guançou 2010, Inçhon 2014, Jakarta 2018, Dünýä çempionatlary we Aziýa çempionatlary).

Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlarynyň olimpiýa nyşany FeiFei rowaýata görä, bagt getirýän hytaý guşudyr. Bu nyşan ýaryşyň guramaçylary tarapyndan resmi çakylygyň ýany bilen Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetine iberildi.

Ýene degişli makalalar

Mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar
Turkmenportal bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi
Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy
Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy
Türkmenderýa gyrmançadan arassalanýar, Aşgabat suw meselesini çözýärmi?
Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň möçberi köpeldildi