22 ýyl mundan öň ýiten hindistanly öýüne dolandy

22 ýyl mundan öň ýiten hindistanly öýüne dolandy

Hindistanda mundan 22 ýyl öň dereksiz ýiten adam öýüne gaýdyp geldi diýip, The Indian Express gazetine salgylanýan Gazeta.ru habar berýär.

Ýerli habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, ol 11 ýaşyndaka, 2002-nji ýylda ejesine üstüne gygyranda, öýkeläp öýden gidipdir. 2024-nji ýyla çenli onuň ykbaly nämälim galypdyr, ol ahyry öýlerine dolanypdyr. Görlüp oturylsa, ol şunça wagtlap ruhany bolup, ybadathanada ýaşapdyr.

Ýene degişli makalalar

Omanda uçar ýangynynda 14 adam ejir çekdi
Sosial ulgamda ynandyryjy däldigi üçin hindi filmini tankyt etdiler
Meşhur hindi režissýory Sanjaý Gadhwi aradan çykdy
Hindistanyň günortasynda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni girizildi
Türkmenistanly habarçylar Hytaýyň oba ýerleriniň ösüşi bilen tanyşdylar
Aşgabatda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi