Hindistanyň günortasynda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni girizildi

Hindistanyň günortasynda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni girizildi

Hindistanyň Karnataka ştatynda koronawirus ýokanjynyň BA.2.86 görnüşiniň çalt ýaýraýandygy bilen baglylykda, ýaşy altmyşdan geçen raýatlaryň arasynda hökman lukmançylyk örtügini dakynmak düzgüni girizildi. Bu barada Karnatakanyň hökümetine salgylanýan The Indian Express gazeti habar berdi.

Soňky hepdede Kerala ştatynda kesellileriň sany üç esse artdy, 1-17-nji dekabr aralygynda bolsa, 10 sany adam ýokançdan pida boldy. Häzirki wagtda ştatda her gije-gündizde COVID-19 bilen kesellänleriň 300-den hem köpüsi hasaba alynýar.

Hepdäniň duşenbe güni Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi bütin ýurt boýunça ştatlaryň we bileleşik çäkleriň lukmançylyk edaralaryna koronawirus bilen bagly ýagdaýa gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi.

Ýene degişli makalalar

22 ýyl mundan öň ýiten hindistanly öýüne dolandy
Omanda uçar ýangynynda 14 adam ejir çekdi
Sosial ulgamda ynandyryjy däldigi üçin hindi filmini tankyt etdiler
Meşhur hindi režissýory Sanjaý Gadhwi aradan çykdy
Türkmenistanly habarçylar Hytaýyň oba ýerleriniň ösüşi bilen tanyşdylar
Aşgabatda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi