24 sagatda 71 million gezek tomaşa edildi

“Walt Disneý Pictures” studiýasynyň önümi bolan “Kruella” filminiň ilkinji treýleriniň çykan gününde seredilen sany 71 milliona baryp ýetdi.Habarda bellenilişi ýaly, umumy hasapda hemme eleýeterli meýdançalar we wideo serwisleri nazara alynýar. Şeýlelikde, “Kruella” we onuň ilkinji treýleriniň görkezijileri “Malefisenta”-dan (61.7 mln) we “Alladin”-dan (60.8 mln) öňe saýlanmagy başardy.

Häzirlikçe bu ugurda 224 million görkezijili “Şa Ýolbars” filmi birinji orny eýeleýär.

Şeýle-de habarda, filmiň ilkinji görkezilişi 28-nji maýda boljakdygy barada bellenilýär. “101 dalmatin” filminiň dowamy bolan bu filmde meşhur betpäl Kruella de Wiliň keşbini “La La Land” filminiň gahrymany Emma Stoun ýerine ýetirýär.

Ajap Rejepowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

The post 24 sagatda 71 million gezek tomaşa edildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
“Dr. Dulittl” kinosynyň artistleri belli boldy
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gaýtadan ekranlaşdyryljak filmde Şwarsenegger surata düşmez
Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Çawuşogly Döwlet Senasynyň Kabul Edilen Gününi Gutlady