
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini, polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bu barada TDH habar berdi.
Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek toplumlary, jins we flanel matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 144 müň dollaryndan gowrak boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 31 million 839 müň manatlykdan gowrak Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.