Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň işewürleri bolsa Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny hem-de karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstrakty, jins önümleri, aşgarlanmadyk mata ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 90 million 88 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we gaplaýyş plýonkasyny (Türkmennebit döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny, nah ýüplügi, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar. /* custom css */ .td_uid_15_673b2ea34c4cd_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673b2ea34c4cd_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 8 million 459 müň dollardan geçdi
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy