TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine bugdaý uny, aşgarlanmadyk matasy, erkek kişilere niýetlenilen lybaslar, nah ýüplük we pagta süýümi, dolanylyp gaplanylan pagta pamygy, portlandsement, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 48 million 506 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we binýatlyk ýagyny (Türkmennebit döwlet konserni), nah ýüplügi, bugdaý ununy satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Mart I hepde: TDHÇMB-da 254 million manada golaý geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 8 million 459 müň dollardan geçdi
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy