TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, gysga süýümli pagta, jins önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 36 million 578 müň manatdan gowrak bolan bugdaý ununy, nah ýüplügi we nah matany, dokma önümleriniň dürli görnüşlerini, ýoduň spirtli erginini, binýatlyk ýagy (Türkmennebit döwlet konserni) satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
Mart I hepde: TDHÇMB-da 254 million manada golaý geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 8 million 459 müň dollardan geçdi
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy