TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, bugdaý uny, buýan köküniň ekstrakty, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 124 million 806 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagyny, polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni), tehniki kükürdi (Türkmengaz döwlet konserni), bugdaý ununy, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulygyny, nah matany, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
Mart I hepde: TDHÇMB-da 254 million manada golaý geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 8 million 459 müň dollardan geçdi
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy