TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň telekeçilerine ýarym fabrikat mitkal matasy, nah ýüplük, pagta süýümi, bugdaý uny, dokma önümleriniň galyndylary, portlandsement ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 145 million 420 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny (Türkmennebit döwlet konserni), dokma önümleriniň galyndylaryny, pagta süýümini, polipropilen plýonkasyny, metallaşdyrylan polipropilen plýonkany satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy