TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Latwiýanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, pagta ýagy, pagta süýümi, nah ýüplük we mata, çig ýüpek, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklary ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 72 million 634 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni), tikin önümlerini, pagta ýagyny, nah ýüplügi, çig ýüpegi, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar
ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy
Dostlukly Zähmet dermanhanasy saglyk we gözellik harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär
Baýba Braže Latwiýanyň DIM-niň täze ýolbaşçysy boldy