TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmengaz we Türkmenhimiýa döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny (Türkmenhimiýa döwlet konserni) satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gonkongyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, pagta ýagynyň galyndylarynyň düzümindäki ýagly turşulyklar, buýan köküniň gury ekstrakty, çig ýüpek, nah ýüplük ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 118 million 350 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny, aşgarlanmadyk matany, arassalanan pagta ýagyny, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Maý II hepde: TDHÇMB-da 118,3 million manatlyk geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
Mart I hepde: TDHÇMB-da 254 million manada golaý geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy