3 oýunda 12 gol

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 22-nji tapgyrda 3 duşuşyk geçirildi. Şol oýunlarda 12 gol hasaba alnyp, 2 duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy.Mundan öňki tapgyrda ornuny “Altyn asyr” toparyna aldyran “Ahal” myhmançylykda “Merwden” 52 üstün çykyp, täzeden 1-nji basgançaga dolandy. 1-nji ýarymyň ahyrynda Elman Tagaýewiň 2 goly (43, 45+1 p) bilen öňe saýlanan “Ahal” 49-njy minutda Yhlas Saparmämmedowyň hem-de 73-nji minutda Nurýagdy Muhammedowyň pökgüleri esasynda hasaby 40-a çykardy. 74-nji minutda “Merwiň” adyndan Şanazar Tirkişow tapawutlandy. 78-nji minutda Yhlas Saparmämmedow ýene bir pökgini ýer eýeleriniň torundan girizdi. 87-nji minutda “Merwiň” belli hüjümçisi Begenç Alamow bellenen penaltini dürs ýerine ýetirdi.

Netijede, 52 hasabynda ýeňiş gazanan “Ahal” 2-nji basgançakdaky “Altyn asyrdan” 2 oýny artykmaç hem bolsa, häzirlikçe 1-nji orna beýgeldi. 3-nji ýer ugrunda göreş alyp barýan 2 toparyň “Energetik” bilen “Şagadamyň” arasyndaky oýunda ýer eýeleri 3 utugy 2 gol bilen gazandylar.

Gollaryň ikisini hem Alibek Abdyrahmanow derwezä ýollady (68, 89).Bu duşuşykdan soň, iki toparyň utugy deňleşdi.Tapgyryň soňky oýnunda-da “Nebitçi” myhmançylykda “Aşgabat” toparyny 21 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji ýarymyň iň soňky minutlarynda Şamämmet Hydyrow “Nebitçini” öňe saýlady. 54-nji minutda Süleýman Orazow hasaby deňledi. Şol goldan 10 minutdan soň, Ýewgeniý Tkaçenko penaltini takyk ýerine ýetirip, balkanabatlylara ýeňiş getiren oýunçy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Grenlandiýanyň ýygyndysyny uly hasap bilen utdy
3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy diýen ada ilkinji gezek Arkadag toparynyň oýunçysy mynasyp boldy
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Şagadam topary medal gazanmak mümkinçiligini elden berdi